Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyndaky çykyşynda şeýle diýdi:
“Ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan elektroenergetika pudagynda täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup ulanmaga berilýär. Müňlerçe kilometre uzap gidýän elektrik geçirijiler täzelenýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda Günden we ýelden elektrik energiýasyny öndürýän stansiýa gurulýar. Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylda Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi işe girizildi. Bularyň ählisi elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän hem-de ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrýar” diýip, Milli Liderimiz belläp geçdi.
Teswirler