Akdepe etrabynda “Ýaşlar dünýäniň geljegi” atly maslahat geçirildi

“Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan” ugur alnyp, uly üstünlikler bilen şöhratlandyrylýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýaşlarda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Şol mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň medeniýet merkezinde “Ýaşlar dünýäniň geljegi” atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşi gurady. Oňa Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Daýanç Garlyýew, guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmenleri Gülşirin Gaýypowa, Azada Orazowa, Akdepe etrabynyň Andalyp şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary Aýjeren Mämmedowa, Zebo Babajanowa dagylar çykyş etdiler.

Dabaranyň ahyrynda Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň medeniýet merkeziniň ýaş aýdym-saz ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlary ýaňlandy.


Çykyşlarda ýaşlar barada edilýän çäksiz aladalary we olaryň halkara hyzmatdaşlygynda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmaklary üçin, ýurdumyzdaky ähli özgertmeleri ýaşlaryň arasynda wagyz-etmekde, döredip berýän şertleri üçin, ähli tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Berdimyrat KAKAÝEW
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy,
TDP-nyň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok