“Mekdep partasyndan Ýaş diplomatlaryň mekdebine ýol açýan” bäsleşigiň täze möwsümi başlaýar

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň Magtymguly Pyraga bagyşlanan täze möwsümi başlaýar.
Bäsleşigiň täze möwsümi barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň (TDIMHGI) resmi web saýtynda habar berilýär.

Bu bäsleşigiň “Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty- umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy” atly täze möwsümine gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylary 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna ýüz tutup bilerler.

Bellenilmegine görä, bu taslama mekdep partasyndan Ýaş diplomatlar mekdebine ýol açýar. Bu taslama-“Parahatçylygyň ýaş çaparlary!”

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, TMÝG-nIň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok