Garaşsyzlyk — halkymyzyň ak ýoly

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zähmetsöýer halkymyz Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde dünýä dolmagynyň 32 ýyllygyny agzybirlik bilen garşylaýar. Baýramçylygyň şanyna uludan tutulýan toý bagtyýar watandaşlarymyzyň bitewüligini, parahatçylyk dörediji ýurdumyzyň rowaçlyklaryny, ýeten belentliklerini şöhlelendirýär. Nurly geljege şugla saçýan eziz Diýarymyzyň baş baýramy ene topragymyzyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrunda merdana ata-babalarymyzyň zähmet-durmuş meýdanynda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny şöhratlandyrýar. Bu beýik gün gadymy milletiň Watana bolan söýgüsi, Garaşsyzlyga buýsanjy, ösüşe ilerleýän batly gadamy, ýagty ertirlere beýik ynamy bilen ykbalyny düýpli özgerdýändigini aýdyň açyp görkezýär. Şanly sene mynasybetli guralýan milli we halkara çärelere ykbalyň emri bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan doganlarymyzyň wekilleriniň gatnaşmaklary, toýlarymyzy bile toýlamaklary üçin ata Watanymyz gapylaryny giňden açýar. Buýsançly gün döwletimiziň her bir raýatyny maksada okgunly ýaşamaga, döwletli-döwranyň hatyrasyna yhlasly okamaga, döretmäge, işlemäge ruhlandyrmak bilen, Garaşsyzlygymyzy we onuň gazananlaryny gözüň göreji deýin goramaga borçly edýär. Bu günki gün merdana halkymyz ata-babalarymyzyň arzuwlan mukaddes Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolup, özüniň Türkmenistan atly berkarar döwletini gaýtadan gurdy. Umumadamzat pelsepesiniň iň bir arzyly gymmatlygy bolan Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygydyr. Halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan halkara hukugynda umumy ykrar edilen mizemez ýörelgesine esaslanyp, türkmen halky Garaşsyz döwlet boldy.

Parasatly pederlerimiziň mähiri siňen keramatly türkmen topragynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna mynasyp bolmagyna giň mümkinçilikler açyldy. Örän gysga wagtda Türkmenistan Garaşsyzlygy hemra edinip, hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine daýanyp, goňşy we alysdaky hyzmatdaş ýurtlaryna ynsanperwerlik goluny uzadýan, maddy we ruhy taýdan goldaw-hemaýat edýän arkalaşykly döwlete öwrüldi.

Goý, eziz Watanymyzy aýdyň geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýgül ALLANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
rus dili we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok