“Bahar” tikin önümçilik birleşiginde onlarça ýaş tikinçiler iş bilen üpjün edildi

Ýokary hilli dokma haryt önümleri bilen tanalýan “Bahar” tikin önümçilik birleşigi ýurdumyzda belli kärhanalaryň hataryna girýär. Bu kärhana 1936-njy esaslandyrylyp, häzirki wagta çenli möwsümleýin geýimleri, harby gullukçylar üçin dürli görnüşi egin-eşikler toplumyny, çagalar we zenanlar üçin dürli görnüşi lybaslary öndürýär.

Sargyt esasyn-da önüm öndürýän bu kärhanada 3 sany tikinçilik, 1 sany biçim sehi hem-de çig mallary we taýýar önümleri ýerleşdirmek üçin 3 sany ammar hereket edýär.

Şu ýylyň iýun-iýul aýlarynyň hasabaty boýunça kärhana ýaşy 35-den kiçi bolan 18 sany tikinçi iş bilen üpjün edildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hünärli ýaşlaryň iş bilen üpjün edilmegi üçin birnäçe işleri alyp barýar. Guramanyň ýerli geňeşleri Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň pudak edaralary bilen utgaşykly ýagdaýda ýaş tikinçileri işe çagyrmak boýunça degişli işleri alyp bardy. Şeýle-de guramanyň Maglumat beriş bölümi ýaşlaryň hünär saýlap almak boýunça maslahatly meýilnamalary alyp barýar.

Ozal hem habar berişimiz ýaly, Aşgabat şäherinde ýerleşýän tikin önümçilik birleşigi boş iş orunlaryna Aşgabat şäheri we onuň töweregindäki etraplaryndan zähmet hakly işgär gelin-gyzlary işlemäge çagyrýar.

Habarlaşmak üçin:
+99364834432; +99312270643; 
jobsinashgabat@gmail.com

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok