«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýan “Ýaňlan,diýarym!” telebäsleşiginiň 2023-nji ýyldaky jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ýaş zehinleriň 2-si jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýaş zehinli aýdymçylaryň jemi 12-si gatnaşdy.
Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda ýaş zehinli aýdymçylaryň 6-sy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi diýip yglan edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi.
«Ýaňlan, Diýarym!-2023» telebäsleşiginiň ýeňijileri:
Hezretguly Hojageldiýewiç Guldurdyýew
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy;
Batyr Amanmuhammedowiç Şalarow
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy;
Bagdagül Hanmämmedowna Mämmetgurbanowa
Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi;
Aýgözel Batyrowa
Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň artisti;
Babajan Azadowiç Rozyýew
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat galla kabul ediş nokadynyň tüwi sehiniň ussasy;
Nurýagdy Garýagdyýewiç Bekiýew
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet merkeziniň akkomponiatory.
Olar ýörite diplomlara hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna mynasyp boldular. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Teswirler