Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzasy bolmagy mynasybetli “TÜRKMENISTAN-ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategiki hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda edilen çykyşlarda soňky ýyllarda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredilendigi barada nygtalyp geçildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klublary açyldy, umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy bu guramanyň assosirlenen mekdepleriniň toruna goşuldy.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy türkmen ýaşlaryna uly mümkinçilikler açdy, bu gatnaşyklaryň giňemegi guramanyň çägindäki taslamalara ýaşlary giňden çekmäge uly ýardam berer.
Allamyrat GAPUROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.
Teswirler