ÝUNESKO Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» kitabynyň 950 ýyllyk ýubileýini bellär

Türkmen halkynyň we türki döwletleriň gymmatly edebi mirasy bolan Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» kitabynyň döredilmeginiň 950 ýyllygy ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna giriziler. Bu barada Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň resmi Facebook sahypasynda habar berilýär.


Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan, Täjigistan, Türkmenistan we Türkiýe ýaly türki döwletler tarapyndan teklip edilen hem-de Marokko, Katar, Wengriýa we Mawritaniýa tarapyndan goldanylan «Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» kitabynyň döredilmeginiň 950 ýyllygyny ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna girizmek» hakyndaky halkara başlangyç ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan biragyzdan kabul edildi we 2023-nji ýylyň noýabrynda geçiriljek Baş konferensiýaň Gün tertibine hödürlendi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok