Ýakynda Lebap welaýatynda güýzlük bugdaýyň ekilşiginiñ öñüsyrasynda täze bugdaý ekiji tehnikalaryň 63-si gelip gowuşdy.
Türkmenistan Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde oba hojalyk pugdagyna uly üns berilýär, oba hojalyk ýerlerini hususylaşdyrmaklyga we hususy ýer eýeçiligini ösdürmeklige döwlet tarapyndan uly kömekler berilýär. Bagtyýar baba daýhanlarymyz üçin ekiş möwsüminde ekin ýerlerinde suwaryş, dökūn bermek we beýleki ideg ìşlerini öz wagtynda geçirmekde ähli mümkinçilikler dörediýär. Hojalyk jemgyýet kärhanalarynda hem oba hojalyk önümleri giňden öndürilýär.
Bakja we gök önümlerini gaplamak usulda öndürmekde, miwelerden tebigy içgileri öndürmekde şeýle hem önümleri sarp edijilere ýetirmekde uly işler durmyşa geçirilýär. Şu ýylda oba hojalyk ekinleri ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Tehniki hünärmenler hem kombaýynlara ussatlyk bilen erk edip gijelerini gündiz edip zähmet çekýärler.
Lebap welaýatynda güýzlük bugdaýy 310müň tonna döwlet harmanyna tabşyrmagyny meýilleşdirilýär. Baba daýhanlar üçin ýaşamak we işlemek üçin ähli şertleri döredilýär. Şular ýaly mümkinçilikleriñ döredilip berileni üçin Hormatly Prezidentimize ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.
Gurbansoltan MYRADOWA
Daşoguz şäherindäki 28-nji çagalar
bagynyň terbiýeçisi
Teswirler