Ýaşlar baýragyna dalaşgärleriň dykgatyna!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzdaky ýaş nesilleriň arasynda Ýaşlar baýragyny almak ugrunda yglan eden bäsleşigine dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başlady.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna dalaşgärler ýurdumyzdaky hereket edýän döwlet edaralary we kärhanalary, köpçülikleýin habar berş serişdeleri, ylym, bilim, saglygy goraýyş edaralary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan hödürlenip biliner. Baýraga hödürlenýäniň resminamalary we onuň sanawy bellenen tertibe laýyklykda bir bukjada ýerleşdirilmeli.

Ýaşlar baýragyna hödürlenýän ýaşlar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli ibermeli:

  • 3×4 ölçegli 6 sany surat;
  • Şahsy resminamasy;
  • Terjimehaly;
  • Pasportyň göçürmesi;
  • Diplomlar, hormat hatlary;
  • Metbugatda çap edilen eserleri;
  • Telewizion çykyşlarynyň stenogrammalary;
  • Okuw ýa-da iş ýerinden häsiýetnama;
  • Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalyk şahadatnamasy.

Resminamalarda baýraga hödürlenýänleriň soňky 3 ýylyň dowamynda bitiren hyzmatlary hem-de gazanan üstünlikleri, döredijilik işleri, guramaçylyk başarnygy, jemgyýetçilik işjeňligi baradaky maglumatlaryň we onuň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýändigi hakynda degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň umumy maslahatynyň kararynyň bolmagy hökmandyr.

Her ýylda geçirilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjegindäki, edebiýatda, sungatda, medeniýetde,  ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde tapawutlanan 16 – 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler. Baýraga ozal ýeňiji bolan ýaşlara gatnaşmaga hukuk berilmeýär.

Ýeňijilere Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güninde gowşurylar. Türkmen ýaşlarynyň ukyp başarnyklaryny ähli taraplaýyn kämilleşdirmek ugrunda köpugurly işleri alyp barýan bu gurama şu ýyl 32 ýyllygyny bellär.  

Düzgünnama bilen doly tanyşmak üçin “Nesil” gazetiniň 01.08.2023 ý sanyndan görüp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-88-79, 44-88-85.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok