Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Şu günki günde döwrebap ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlarymyz ähli ugurda ýüki öz üstüne alýar. Olar milli mirasymyza çuňňur sarpa goýmak bilen, köpugurly we çalt özgerýän häzirki zamananyň ýokary talaplaryna mynasyp hötde gelip bilýändikleri bilen tapawutlanýarlar.» – diýen parasatly taglymatyny her gezek okanymda ýaş edebiýatçy Toýly Jänädowyň milli metbugatda çap edilen makalalary göz öňümde janlanýar. Çünki, onuň makalalary häzirki zaman türkmen edebiýatynda «Ykdysady lirika» we «Aklyk pelsepesi» diýen iki sany täze temanyň peýda bolandygyny ylmy esasda aýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda ýaş edebiýatçy Toýly Jänädowyň döredijiligi barada söhbet etmek, biz üçin diýseň ýakymly.
Men 2018-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň hünär-tehniki okuw bölüminde okaýarkam, meni şu bilim ojagynyň okuw-usulyýet birleşmesine Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we gelogiýa işgärleriniň hünär baýramynyň öň ýanynda bu ýerde geçiriljek ylmy-amaly maslahata gatnaşmaklygym üçin çagyrdylar. Men şonda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň okuw-usulyýet birleşmesiniň iş otagynda bu bilim ojagynyň talyby Toýly Jänädowyň milli metbugata neşir edilen makalalary we onuň ylmy işlerine ýurdumyzyň belli edebiýatçy alymlarynyň ýazan synlary bilen ýakyndan tanyşdym. Filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedow, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň «Magtymgulyny öwreniş we edebi miras» bölüminiň müdiri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa, bu ylym ojagynyň «Halk döredijiligi» bölüminiň esasy ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowa, Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow, Türkiýäniň Ankara uniwersitetiniň Dil-taryh we geografiýa fakultetiniň türkmen dili mugallymy, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Berdi Saryýew ýaly belli edebiýatçy alymlar, şeýle-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew Toýly Jänädowyň milli metbugata neşir edilen ylmy makalalarynyň ýokary derejededigini ykrar edip syn ýazypdyrlar.
2021-nji ýylyň iýun aýynda turkmenportal.com we ashgabat.in habar web saýtlarynda neşir edilen Medeniýet hepdeliginiň çäginde şygryýet agşamynyň geçirilýändigi baradaky habarda: «Şu günüň türkmen şygryýetinde «Ykdysady lirika» we «Aklyk pelsepesi» diýen temalaryň peýda bolandygyny milli metbugata çykan birnäçe ylmy makalalar hem aýan edýär.» diýlip, temasy we çap edilen neşiriniň ady hem çykan senesi görkezilen metbugat makalalarynyň ählisiniň Toýly Jänädowyň galamyna degişlidigini aýratyn bellemek gerek. Diýmek, ýaş edebiýatçy öz ylmy makalalarynda häzirki zaman türkmen edebiýatyna iki sany döwrebap temanyň gelendigini ylmy esasda aýan edýär. Bu barada Türkiýäniň Ankara uniwersitetiniň Dil-taryh we geografiýa fakultetiniň türkmen dili mugallymy, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Berdi Saryýew: «Jemläp aýdylanda, Toýly Jänädow ylmy makalalarynda häzirki zaman türkmen edebiýatynda ykdysady lirikanyň we aklyk pelsepesiniň esaslaryny öz döredijilik başarnygy, žurnalistlik ukyby bilen doly açyp bilýär.» diýip awtoryň ylmy makalalaryna ýazan synynda beýan edýär.
Ýaş edebiýatçy Toýly Jänädow öz ylmy makalalarynda syýasy lirikada parahatçylyk, halklaryň dostlugy temalarynda, söýgi lirikasynda Watana, ata-enä, söwer ýara, perzende, dost-dogana söýgi temalarynda goşgularyň bolşy ýaly, täze dörän ykdysady lirakanyň hem tematiki örüsiniň has giň bolup, onda nebit-gaz pudagyndaky, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky, energetika pudagyndaky, milli syýahatçylyk ulgamyndaky, gurluşyk we binagärlik pudagyndaky, söwda we hyzmatlar ulgamyndaky özgertmelere bagyşlanan şygyrlaryň bardygyny dile getirýär. Filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedow Toýly Jänädowyň bu temadaky ylmy makalalaryna beren synynda: «Garaşsyzlyk ýyllaryndaky türkmen şygryýetiniň tematikasynda ymykly orun alyp gelýän ykdysady ugur edebiýaty öwreniş ylmymyzda henize, bu güne çenli ýüzleý ýatlanyp gelýär. Emma bu temada döredilýän eserler, şol sanda şahyrana eserler hem ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini, onuň halk durmuşynda gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň watansöýüjilik, işjeňlik sypatlaryny giňden açyp görkezýändigi üçin ýörite dykgata mynasypdyr. Şu nukdaý nazardan garalanda Toýly Jänädowyň bu ulgamdaky şahyrana önümlere mümkingadar ylmy häsiýetde nazar aýlamagy örän ýerliklidir.» diýip belleýär.
Ýaş edebiýatçy öz ylmy işlerinde häzirki zaman türkmen şygryýetinde tema täzeçilligi hökmünde peýda bolan ikinji temanyň – «aklyk» pelsepesiniň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli babatlardaky ösüşleriniň ruhy-ahlak esaslary hem-de ony ilerlediji beýik mukaddeslik nyşany hökmünde teswirlenýändigini aýan edýär. Bu barada TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň esasy ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowa awtoryň şu temadaky makalalaryna ýazan synynda aýratyn durup geçmeklik bilen, Toýly Jänädowyň ýurdumyzyň ykdysady galkynyşda ýeten belent sepgitleriniň häzirki zaman türkmen edebiýatynda «aklyk» pelsepesi bilen aňladylýandygyny we şu günüň milli şygryýetine Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň tema täzeçilligi hökmünde getiren «aklyk» pelsepesiniň ýurdumyzyň şahyr halky üçin jöwhermaýa gönezligine öwrülendigini ylmy esasda beýan edendigini belleýär.
Ýaş edebiýatçy Toýly Jänädowyň döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Garagum» žurnalynyň 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 9-njy sanynyň 158 – 161-nji sahypalaryna neşir edilen «Garaşsyzlyk – döredijiligiň ylham gönezligi» atly makalasy bilen «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabryndaky sanynyň 3-nji sahypasynda çap edilen «Garaşsyzlyk taryhy – edebiýatyň tarypy» atly makalasyndahem häzirki zaman türkmen edebiýatyna «Ykdysady lirika» we «Aklyk pelsepesi» diýen iki sany döwrebap temanyň gelendigini ylmy esasda aýan edýär. Şeýle-de, awtor bu iki makalasyndaösüşiň türkmen milli nusgasynyň – ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin geçmek usulynyň esasynda Garaşsyzlyk zamanasynyň türkmen edebiýatyny:
- Garaşsyzlygyň berkarar bolmak döwrüniň edebiýaty,
- Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýaty,
- Garaşsyzlygyň Bagtyýarlyk döwrüniň edebiýaty,
- Garaşsyzlygyň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň edebiýaty – diýen dört döwre
bölýär. Toýly Jänädow döwlet Garaşsyzlygymyzyň bazar ykdysadyýetine ýuwaş-ýuwaşdan we döwürleýin usulda geçiş döwrüniň ilkinji döwrüniň – «Berkarar bolmak döwrüdigini» Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir» atly kitabyndaky: «Biz häzir döwletimiziň berkarar bolmak döwrüni, tapgyryny üstünlikli geçdik. Häzir bolsa ony ösüşiň ýokary derejelerine götermek üçin Beýik Galkynyş eýýamyny yglan etdik.» – diýen parasatly taglymy bilen, ylmy esasda esaslandyrýar. Şeýle-de awtor «Garaşsyzlyk – döredijiligiň ylham gönezligi» hem-de «Garaşsyzlyk taryhy – edebiýatyň tarypy» atly makalalarynda ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna ýuwaş-ýuwaşdan we döwürleýin geçmeklikde esaslandyrylan dört sany döwrüň öz öňünde goýan belent maksatlarynyň Garaşsyzlygymyzyň berkararlyk binýadyny berkitmeklikde, ykdysady kuwwatyny artdyrmaklykda diýseň uly ähmiýete eýe bolandygyny bu döwürleriň her haýsynyň «Taryhy žanrda» ýazylan liriki eserleriniň hem aýan edýändigini aýratyn belläp geçýär. Munuň özi, ýaş edebiýatçynyň edebiýat äleminde täzeçillik babatda öňe süren ylmy nukdaýnazarydyr. Bu ylmy nukdaýnazar bolsa, häzirki zaman türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda ýetilen belent sepgitdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda türkmen ýaşlary üçin okamaga, öwrenmäge, döretmäge döredilen giň mümkinçilikler we döwrebap oňyn şertler bagtyýar nesiller bolan bizi diňe üstünliklere sary alyp gidýär.
Baky NURMUHAMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.
Teswirler