Ýaş sungaty öwrenijileriň arasynda özüniň yhlasly zähmeti bilen aýratyn tapawutlanýanlaryň biri Döwletmyrat Durdyýewdir. Ol 1989-njy ýylyň Mary welaýatynyň Mary etrabynda doguldy. Orta mekdebinde berilýän okuwyndan daşary ol sazçylyk we suratkeşlik boýunça bilimini artdyrmaga uly yhlas bilen ýapyşýar. 1997–2004-nji ýyllar aralygynda ol Mary etrap B. Hallyýew adyndaky çagalar sazçylyk mekdebini fortepiano okuwy boýunça tamamlaýar. 2000–2004-nji ýyllarda bolsa D. Durdyýew adyndaky Mary şäher Çagalar çeperçilik mekdebinde şekillendiriş sungaty hünäri boýunça okaýar.
Çagalyk döwrüni ýatlap, ol şeýle belläp geçdi: «Çagalykda men sazçylyk we çeperçilik mekdeplerine bilelikde, sapaklaryň rejesini utgaşyklylykda gatnap, hünär öwrendim. Ýöne ejem meni saz ugryndan okadasy gelýärdi. Fortepiano ugrundan ýedi ýyl bilim aldym. Men fortepianony höwes edip çalardym, sazçylyk mekdebini göreldeli okuwçylaryň hatarynda tamamladym. Emma suratkeşlik meniň üçin has hem gyzykly boldy». Ýaş suratkeşiň sazyň we nakgaşlygyň inçe tilsimlerini özleşdirmegi oňa geljekde döredijilik üstünliklerine ýetmäge ýardam eder.
Döwletmyrat 2005–2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň grafika bölüminde Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň we zehinli nakgaş we grafikaçy Aleksandr Kinýakiniň we tanymal grafikaçy Döwletgldi Akyýewiň halypaçylygynda okaýar. Şekillendiriş sungatynyň taryhy dersinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, halypa sungaty öwreniji Azat Annaýewden öwrenen bilimleri oňa geljekde sungaty öwreniji bolmaga itergi berdi.
Döwletmyrat gürrüňiniň arasynda şeýle diýdi: «Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde grafika hünärinden okasam-da, şekillendiriş sungatynyň taryhy dersi meniň üçin has gyzyklydy. Sebäbi Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, tanymal sungaty öwreniji Azat Annaýew bizi bu dersden sapak berende şeýle gyzykly edip aňymyza guýýardy. Biz hamala döredilen sungat eseriniň we suratkeşiň ýanynda ýaly özümizi duýýardyk. Sungaty öwreniş hünärine höwesim şol talyplyk ýyllarynda başlady. Sungaty öwreniş ylmy sungatda hökman gerek. Sebäbi her bir döredilýän sungat eseriniň uly bir taryhy bar. Edil edebiýatda we sazda bolşy ýaly onda ynsanyň inçe duýgularyny täsir etjek mazmuny bar. Hut şony bolsa sungaty öwreniji öz ylmy işinde açmaklygy başarmaly» diýip, türkmen sungatyny ylmy taýdan öwrenmek arzuwyny ýüregine düwýär. Şol döwürden başlap ýaş suratkeşde dilewarlyk zehini açylyp başlanýar. Ol ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda çykyş edip, türkmen sungatyny wagyz etmek işine işjeň gatnaşýar.

Şekillendiriş sungatynyň taryhyny we nazaryýetini ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen ol 2009–2014- nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynda köpsanly kitaplaryň awtory, sungaty öwreniji we gobelençi Altynjemal Baýlyýewanyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ussat halypa we sungaty öwreniji Ogulabat Muhatowanyň, Maýa Jumaniýazowadan, sungaty öwrniji Jeren Baltaýewadan we başga-da birnäçe mugallymlardan bilim alýar. Ol Çeperçilik akademiýasynda okaýan döwründe özüniň maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi, başarnyklary bilen tapawutlanyp, ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy we döredijilik bäsleşiklerine, sergilerine gatnaşýar, radioýaýlymlardaky gepleşikleri taýýarlaýar.
Her bir suratkeş we sungaty öwreniji üçin nusga alar ýaly halypalar bolýar. Döwletmyrat bu barada şeýle belleýär: «Türkmen suratkeşleriniň içinde Türkmenistanyň halk suratkeşleri Yzzat Gylyjow, Durdy Baýramow, doganlar Çary we Aman Amangeldiýewler, daşary ýurt suratkeşlerinden Karawajo, I. Repin, W. Surikow, W. Perow olaryň halk üçin döreden eserleri we ýörelgeleri meniň üçin görelde. Türkmen sungaty öwrenijileriniň içinde Ogulabat Muhatowa, Azat Annaýew, Pawel Popow, Altynjemal Baýlyýewa, şeýle-de rus sungaty öwrenijilerinden M. Alpatow, B. Wipper, W. Kandinskiý ýaly halypalaryň sungat eserleriniň taryhy bilen baglanyşykly eserleri meniň üçin nusga bolup durýar».
2011-nji ýylda Döwletmyrat Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy. 2012-nji ýylda sungaty öwreniş kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby mahaly, ol Aşgabat şäheriniň binagärligine bagyşlanan temasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşiginde üçünji orun eýeleýär we şa serpaýyna mynasyp boldy. 2012-nji ýylda Halkara Türkmen-Türk uniwersitetinde geçirilen ylmy işleriň we taslamalaryň bäsleşiginde ynsanperwer ylymlary boýunça ýeňijisi bolýar. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik bilen meşgullanýan talyplarynyň arasynda geçirilen makalalar bäsleşiginde we Halkara Türkmen-Türk uniwersitetinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş alymlarynyň arasynda geçirilen ylmy taslamalar bäsleşiginde II orun, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik bilen meşgullanýan talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda geçirilen makalalar bäsleşiginiň I orun eýeleýär. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik bilen meşgullanýan talyplarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap geçirilen makalalar bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny üstünlikli tamamlan ýaş sungaty öwreniji 2015-nji ýylda Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň sungatyň taryhy dersiniň mugallymy bolup işe başlaýar. Öz okadýan dersi boýunça ýurdumyzyň çagalar çeperçilik mekdepleri üçin niýetlenen okuw maksatnamasynyň kämilleşdirilen nusgasyny taýýarlap, mekdep okuwçylarynda Watanymyzyň taryhyna, bütindünýä we türkmen sungatyň taryhyna bolan söýgüsini artdyrmakda yzygiderli işleýär. 2015-nji ýylda ol Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Mugallymçylyk işinden daşary Döwletmyrat görnükli türkmen halypa suratkeşleri, şol sanda Mary welaýatynyň suratkeşleri baradaky makalalary ýazmakda we olar hakyndaky wideo ýazgylary taýýarlamakda işjeň zähmet çekýär. 2017-nji ýylda Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň Şekillendiriş sungatynyň taryhy dersiniň mugallymy bolup, ol Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ýaş hünärmenleri taýýarlamakda tutýan orny hakynda beýan edýän temasy boýunça Türkmenistanyň ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ikinji orun eýeläp Hormatly Arkadagymyzyň şa serpaýyna mynasyp bolmagy zehinli sungaty öwrenijiniň uly üstünligidir. 2019-njy ýylda Mary ýaş suratkeşleriň toparlaýyn sergisine gatnaşýar.
2020-nji ýyldan bäri ol Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary bolup işleýär. 2022-nji ýylda Döwletmyrat Durdyýew Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan yglan edilen «Halkyň Arkadagly zamanasy sungat nazaryýetinde» atly ýurdumyzyň sungaty öwrenijileriniň arasynda döredijilik bäsleşikde baş baýraga mynasyp bolýar.
Sungaty öwrenijiniň Mary welaýatynyň görnükli suratkeşleriniň döredijiligini beýan edýän işlerinden inAshgabat saýtyndaky Türkmenistanyň halk suratkeşi Ata Akyýewiň şahsy sergisine bagyşlanan «Ussat suratkeşiň döredijilik ýoly» (2020 ý.) atly makalasy, turkmenmetbugat.gov.tm saýtyndaky Türkmenistanyň halk suratkeşi Meretdurdy Annagulyýewiň türkmen pagtaçylarynyň keşbini suratlandyrýan tematik eserleri we portretleri, taryhy ýadygärlikleri şekillendirýän peýzažlary baradaky «Daýhan dünýäsiniň waspçysy» (2021 ý.), grafikaçy we nakgaş Gurbangeldi Gurbanowyň ömrüne we çeper eserlerine degişli maglumatlaryny özünde jemleýän «Ylhamly dünýä (Nakgaşlykdan grafika çenli)» (2021 ý.) atly makalasy, halypa nakgaş Aýnagözel Nuryýewanyň zenan serkerdeleriň keşbine bagyş eden eserleriň çeper özboluşlylygyny açýan «Nakgaşçylyk sungatynda zenan edermenligi» (2021 ý.) atly makalasy degişlidir. Onuň «Edebiýat we sungat» gazetindäki «Türkmen tebigatynyň waspçysy» (2020ý.) atly makalasynda Türkmenistanyň peýzaž nakgaşlygynda uly yz galdyran nakgaş we sungaty öwreniji Nury Hojamuhammedowyň türkmen tebigatynyň gözelligini şekillendirilişi barada beýan edilýär. «Esger» gazetinde çap edilen «Görogly beg türkmen şekillendiriş sungatynda» (2022), «Ýaşlaryň döredijiliginde Soltan Jelaleddiniň keşbi» (2022 ý.) ýaly makalalarynda ýaş nakgaşlar Azat Myradowyň, Zakirjan Babaýewiň, heýkeltaraş Maksatmyrat Hojainowyň döredijiliginde beýik serkerdeleriň keşbiniň şöhlelendirişine sungaty öwrenijilik taýdan syn berýär.
Ýaş sungaty öwreniji, mugallym we suratkeş Döwletmyrat Durdyýew geljekde hem ýurdumyzyň şekillendiriş sungatyny dünýä ýaýmakda özüniň yhlasyny we zehinini gaýgyrmajakdygyna ynanýarys.
JEREN BALTAÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler
Jeren Baltaýewa men bu Makalaňyzy haladym gowy çykypdyr. Galamyňyzyň ujy hemişe ýiti bolsun. Döwletmyrat Mugallymada işinde üstünlik arzuw edýän.