“Strategiki pikirlenmek” atly tema boýunça biznes seminary geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezinde, sanly ulgam tehnologiýalarynyň bilermeni Muhammetgurban Annamyradowyň çykyş etmeginde “Strategik pikirlenmek” atly tema boýunça biznes seminary geçirildi.

Seminara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary diňleýji hökmünde gatnaşdylar.

Geçirilen seminaryň dowamynda gatnaşyjylar toparlara bölünip, strategiki pikirlenmek we topar bolup işlemek arkaly kagyzdan iň uly minarany ýasamaga çalyşdylar. Şeýlelikde, olar strategiki pikirlenmek barada öwrenenlerini tejribede peýdalandylar. Çykyş ediji wideorolikler, suratlar arkaly planyň we strategiýanyň aýratynlyklary, tapawutlary, şeýle hem meşhur kompaniýalar, şahsyýetler we olaryň ulanan strategiýalary hakynda giňişleýin gürrüň berdi.

Muhammetgurban Annamyradow —Malaýziýanyň Petronas Tehnologiýalar uniwersitetiniň uçurumy. Häzirki wagtda ýerli we daşary ýurtly birnäçe kompaniýalara IT, awtomatizasiýa we biznes ösüşleri boýunça hyzmatlary hödürleýär. Türkmenistanda 2006-njy ýyldan bäri birnäçe döwlet we hususy edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly proýektlerde gatnaşdy. Şeýle-de, ol dünýä meşhur Petronas we Microsoft ýaly kompaniýalarda hem zähmet ýolundan geçdi.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok