Düýn Türkiýäniň Stambul şäherinde “F-Istanbul” – halkara azyk sergisi öz işine başlady. Mundan öň hem habar berşimiz ýaly, bu sergä jemi şu ýyl türkmen kompaniýalaryndan 16 sanysy gatnaşýar.

Halkara azyk sergisinde esasan iýmit önümçiligi, alkagolsyz içgiler, gaýtadan işlemek we gaplamak ugurlaryny öz içine alyp, sergide türkmen kompaniýalary önümlerini daşary ýurtly alyjylara hödürlediler.

Mundan başga-da şu ýyl sergä dünýäniň 20 ýurdundan 500-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. Şeýle hem bu sergi kompaniýalara dünýä bazaryna çykmaga, täze hyzmatdaşlykalary we işewür gatnaşyklary giňletmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Şeýle hem bu barada Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiňiz.
Fahruddin DURDYBAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Teswirler