«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2023-nji ýyldaky 6-njy sany okyjylar köpçüligine gowuşdy. Üç dilde taýýarlanylýan bu neşiriň täze sanynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň bagtyýarlygyny, Arkadag Serdarly döwletimizi dabaralandyrýan makalalardyr goşgular öz beýanyny tapýar.  

Žurnalyň ilkinji makalasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-gün, umumadamzat bähbitli işlerine bagyşlanan «Ömrümiň manysy» atly kitaby dogrusynda aýratyn söhbet açylýar.    

Žurnal sahypalaryna görk berýän, baýramçylyk ruhuny paýlaýan “Arkadag şäheri ― ýaşlaryň şäheri” atly makala sebitde deňi-taýy bolmadyk, dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň mümkiçilikleri bilen tanyşdyrýar.   

Makalalaryň ýene biri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsine bagyşlanyp, bu makala sözden dür ýasamagy başaran şahyryň  “Asly gerkez, ýurdy etrek, ady Magtymguludyr” ýaly ajaýyp setirleri bilen atlandyrylypdyr. 

Žurnalyň sahyplarynda ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy gözleglerine, medeniýete, sungata, millilige orun berilýär. Şu günki ýaşlaryň geljegimiziň mynasyp eýeleri bolup ýetişmegi, ilkinji nobatda, olaryň könelerimizden gelýän edep-terbiýe mekdebinde taplanmagyna iterýän, millilige ýugrulan makalalar her bir okyjyny dogry terbiýä gönükdirýär.

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň inçe syrlary, olaryň ähmiýeti dogrusyndaky makalalar žurnalyň her sanynda yzygiderli berilýär. Türkmen ýaşlary tarapyndan uly gyzyklanma bilen öwrenilýän daşary ýurt dillerini bilmegiň aýratynlyklary baradaky täsirli maglumatlar okyjylarda gyzyklanma döredýär.    

Neşirde döwrebap sanly ulgamyň mümkinçiliklerine, innowasion ykdysadyýete bagyşlanan makalalardan peýdaly maglumatlary öwrenmek bolýar. Ekologiýany goramagyň halkara günlerine talyp-ýaşlaryň dürli dillerde  seslenmegi bolsa aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Peristan TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok