47,4 müň tonna şaly ýygnalmagy meýilleşdirilýär

Lebaply ekerançylar şu ýyl 47,4 müň tonna şaly ýygnamagy meýilleşdirýärler. Bu barada  Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

“Lebapgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ekilen şalynyň esasy böleginiň “Nukus-2” görnüşidigini tassyklaýarlar. Häzirki wagtda şalynyň esasy “Nukus-2” görnüşi bilen birlikde “Flagman” we beýleki görnüşleri hem köpçülikleýin ekilýär.

Lebap welaýatynda şaly ösdürip ýetişdirmek boýunça daşary ýurt tehnikalary ulanylyp, olaryň esasysy “TUСANO 430 CLAAS”, “Keýs’ ýaly daşary ýurt tehnikalarydyr.

Ýakup SUWHANOW,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünar
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok