«Miwe» OHSB bäş aýda 1,1 million banka ýapmalaryny taýýarlady. Bu barada Jeýhun news web-saýty habar berýär.
Belläp geçsek, Lebap welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigi ter miwelerden we gök-bakja önümlerinden banka ýapmalary taýýarlamakda öndürijilikli işleýär. Mundan başga-da oba-hojalyk senagat birleşigi gök-miwe önümleri terligine saklamakda özlerinde bar bolan tehnologiýalardan peýdalanýarlar.
Senagat birleşiginde şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda gök-miwe önümleriniň 1 million 188 müň şertli gaby taýýarlanyldy we bäş aýlyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi.
Hasaplamalara görä, senagat birleşigi ýanwar-maý aýlarynda meýilnamany artygy bilen berjaý etdi we işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 4 million 855 müň 541 manatlyga deň boldy.
Jahan NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünar
okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler