Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda tebigy we takyk ylymlara degişli dersleri, şeýle-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak, ýaş nesilleri ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmeklige höweslendirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly altyn gaznany döretmek maksady bilen alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr.
Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň bilimlerini artdyrmak, olary ylmy we taslama işlerine çekmek, şeýle hem innowasiýalary döretmeklerine we dünýägaraýyşlaryny giňeltmeklerine ýardam bermek maksady bilen, 9-10-11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda Matematika, Fizika, Himiýa, Biologiýa we Iňlis dili dersleri boýunça “Oguz hanyň zehinli nesilleri” ady bilen integrirlenen olimpiada geçirildi. Olimpiada etrap, welaýat we Aşgabat şäheri hem-de döwlet derejesinde 3 tapgyrda bolup, onuň jemleýji tapgyry uniwersitetde 10 günlük “Tomusky dynç alyş okuwy” görnüşinde geçirildi. Integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyryna ýurdumyz boýunça jemi 120 mekdep okuwçysy gatnaşdy. Tomusky dynç alyş okuwynyň çäklerinde mekdep okuwçylary gündelik tertibe laýyklykda uniwersitetiň tejribeli mugallymlarynyň alyp barmagynda dürli dersler boýunça häzirkizaman ylym-biliminiň derwaýys ugurlaryna bagyşlanan goşmaça okuwlara gatnaşdylar.
Mundan başga-da uniwersitetiň ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-barlag we taslama işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar. Talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylaryň bilelikde geçiriren aýdym-sazly dabaraly çäreleri, döredijilik agşamlary mekdep okuwçylarynda aýratyn täsir galdyrdy. Dürli daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar mekdep okuwçylarynyň dil bilimi boýunça başarnyklarynyň ýokarydygyny ýüze çykardy. Paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, taryhy ýadygärliklere gurnalan gezelençler mekdep okuwçylarynda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Tomusky dynç alyş okuwynyň soňky günlerinde integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi.
Jemleýji tapgyra gatnaşan okuwçylar Fizika, Matematika, Himiýa, Biologiýa we Iňlis dili dersleri boýunça ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Olimpiadanyň netijeleri boýunça 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasyndan iň ökdeleri öňe saýlanyp, degişlilikde 1-2-3-nji orunlara we höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna uniwersitet tarapyndan hormat hatlary, medallar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Mekdep okuwçylary integrirlenen olimpiadanyň özlerinde ýatdan çykmajak pursatlary döredendigini, dürli welaýatlardan gelen deň-duşlary bilen ýakyndan dostlaşandyklaryny, dünýägaraýyşlarynyň has-da giňändiklerini buýsanç bilen bellediler. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän köpçülikleýin görnüşdäki, tebigy we takyk ugurly dersleri we iňlis dilini özünde jemleýän şeýle häsiýetdäki olimpiada gatnaşyjylaryň isleginiň we hyjuwynyň örän ýokary bolmagy onuň jemleýji tapgyrynyň gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda geçendigini, zehinlileriň arasyndan has ökdelerini ýüze çykarmaga mümkinçilik döredendigini görkezdi.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan gurnalan “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadasynyň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş edendikleri üçin aşakda ady görkezilen mekdep okuwçylary sylaglanýar:
IX synp
№ | Familiýasy Ady Atasynyň ady | Welaýaty | Etraby | Mekdebi | Orny |
1 | Gumanaýew Garly Magtymgulyýewiç | Aşgabat şäheri | Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internady | I | |
2 | Döwletow Diýar Allaberdiýewiç | Aşgabat şäheri | Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internady | II | |
3 | Hudaýberenow Hudaýguly Güýçgeldi ogly | Aşgabat şäheri | Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internady | III | |
4 | Niýazmetowa Bahar Ruslan gyzy | Daşoguz | Daşoguz | 26-njy orta mekdep | III |
5 | Batyrowa Aýlar Batyrowna | Ahal | Sarahs | 15-nji orta mekdep | III |
6 | Kakajanow Gurbangeldi Kakajan ogly | Lebap | Kerki | 37-nji orta mekdep | III |
X (6 ýaş) synp
№ | Familiýasy Ady Atasynyň ady | Welaýaty | Etraby | Mekdebi | Orny |
1 | Annageldiýew Ilýas Annageldi ogly | Mary | Sakarçäge | 43-nji orta mekdep | I |
2 | Atajanowa Aýgül Röwşenowna | Aşgabat | Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internady | II | |
3 | Söýünow Welnazar Akmyrat ogly | Lebap | Türkmenabat | 41-nji orta mekdep | III |
4 | Azadow Gaýrat Azadowiç | Ahal | Ak bugdaý | 46-njy orta mekdep | III |
5 | Täşliýew Annamämmet Aşyrmmämedowiç | Balkan | Balkanabat şäher | 22-nji orta mekdep | III |
6 | Mansurowa Şahla Mansurowna | Daşoguz | Daşoguz | 26-njy orta mekdep | III |
7 | Işanow Didar Maksadowiç | Daşoguz | Daşoguz | 26-njy orta mekdep | III |
8 | Koçkarow Süleýman Alişerowiç | Daşoguz | Daşoguz | 24-nji orta mekdep | III |
X (7 ýaş) synp
№ | Familiýasy Ady Atasynyň ady | Welaýaty | Etraby | Mekdebi | Orny |
1 | Mätkulow Şatlyk Serdarowiç | Lebap | Türkmenabat | 28-nji orta mekdep | I |
2 | Kakabaýew Orazmuhammet Begenjowiç | Mary | Mary şäher | 1-nji orta mekdep | II |
3 | Taýlyýew Myrat Çörliýewiç | Daşoguz | Daşoguz | 7-nji orta mekdep | II |
4 | Kadyrow Ahat Serdarowiç | Mary | Mary şäher | 14-nji orta mekdep | III |
5 | Gündogdyýewa Mährijemal Serdarowna | Aşgabat | Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty | III | |
6 | Çaryýewa Gunça Azadowna | Aşgabat | Berkararlyk | 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdep | III |
7 | Wolosnikow Nikita Anatolýewiç | Ahal | Gökdepe | 23-nji orta mekdep | III |
8 | Abdrimow Aziz Ruslanowiç | Daşoguz | Daşoguz | 7-nji orta mekdep | III |
9 | Ezizow Begli Ezizowiç | Lebap | Türkmenabat | 41-nji orta mekdep | III |
10 | Döwletowa Ogulgözel | Mary | Sakarçäge | 32-nji orta mekdep | III |
XI synp
№ | Familiýasy Ady Atasynyň ady | Welaýaty | Etraby | Mekdebi | Orny |
1 | Jumaýew Yhlas Zeliliýewiç | Aşgabat | Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen umumybilim berýän mekdep-internady | I | |
2 | Jumaniýazow Jasurbek Mansur ogly | Daşoguz | Daşoguz | 26-njy orta mekdep | II |
3 | Babanazarow Resul Şirmädowiç | Aşgabat | 89-njy orta mekdep | III | |
4 | Gezerow Dawut Merdanowiç | Mary | Mary şäher | Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän welaýat mekdebi | III |
5 | Rozyýewa Enegül Serdarowna | Lebap | Türkmenabat | 28-nji orta mekdep | III |
6 | Mamanowa Güljahan Gurbanberdiýewna | Aşgabat | Berkararlyk | 86-njy ýöriteleşdirlen orta mekdep | III |
7 | Gurbannazarow Ýunus Gurbannazarowiç | Aşgabat | Berkararlyk | 86-njy ýöriteleşdirlen orta mekdep | III |
Teswirler