Dawlatow: “Bir ugurda çuňlaşmak üçin ýylda ortaça 63 kitap okamaly”

Penşenbe güni, biznesmen Saidmurat Dawlatow bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mejlisler merkezinde pikir alyşma duşuşygy geçirildi.

Maslahata ýurduň hususy eýeçilige degişli kärhanalarynyň wekilleri, işewürler we biznese gyzyklanýan raýatlar gatnaşdy.

Saidmurat Dawlatow: «Aşgabat ýaly owadan we arassa şäher dünýäde ýok»

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde geçirilýän maýa goýum forumyna çykyş etmäge gelen myhman Aşgabat şäheriniň gözelligine, arassaçylygyna we tertibine ýokary baha  berdi. «Beýle arassaçylyk dünýäniň uly şäherlerinde-de ýok. Beýle asuda, abadan ýurtda ýaşaýan her bir raýat munuň gadryny bilip ýaşamaly. Bu ýurduň eşretli durmuşynyň aňyrsynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň halky üçin edýän uly aladalaryny aýdyňlygy bilen görülýär.»

Saidmurat Dawlatow: «Ynsanperwer gymmatlyklar, biznes etikasy we saglyk biznesde üstünlige ýetmek üçin möhüm»

Saidmurat Dawlatow işewürlik ýolunda başyndan geçen tejribeleri bilen bir hatarda, telekeçilige başlananda göz öňüne tutmaly ýagdaýlary, bazar-haryt arabaglanyşygy, resurslaryň ulanylmagy, biznes etikasy, adamlar bilen aragatnaşyk, ynsanperwer gymmatlyklar barada pikirlerini beýan etdi.

Biznese täsir edýän faktorlaryň arasynda maşgala durmuşy, gündelik tertip, saglykly iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak hem bardygyny tejribeli işewür belläp geçdi.

Saidmurat Dawlatow: «Mugt maslahat — peýdasyz maslahat»

Saidmurat Dawlatow özünden tälim alyp, ýokary netije alan şägirtlerinden mysallar görkezdi. «SAMO ösüş mekdebimizden konsultasiýa alyp, biznesini tertibe salan şu işewürleriň esasy eden işi sowatlylygy artdyrdy. Görýäňizmi, bilim nähili ýokary netijeler berýär» diýip, nygtady. «Biznesiň çarhlaryny dogry ýerleşdirmek üçin dogry adamdan, şol ugurda tejribeli adamdan maslahat almaly. Ýalňyş adamdan maslahat alsaňyz köp çykdajy we ýitgidiňiz  bolar. Size mugt maslahat berjek bolýan köp bolar. Mugt maslahatdan gaçyň. Mugt maslahat — peýdasyz maslahat.»

Dawlatow Türkmenistanyň hususy telekeçilikde uly mümkinçilikleriniň bardygyna göz ýetirendigini, muny has hem ösdürmek üçin öz tekliplerini agzap geçdi we dünýä tejribesinden birnäçe mysallary berdi.

Saidmurat Dawlatow: «Bir ugurda çuňlaşmak üçin ýylda ortaça 63 kitap okamaly»

Dawlatowyň aýtmagyna görä, bir adamyň öz edýäň işinde, gyzyklanýan ugry-hünäri boýunça hemişe ösüşde bolmagy üçin hem-de öňdäki 20 ýylyň talap edilýän ökde hünärmeni,  bilermeni bolup galmagy üçin ortaça ýyllyk 63 kitap okamaly.

Saidmurat Dawlatow: «Ir ýatyň, ir turuň…»

“Durmuşda üstünlige ýetmek üçin saglyga gowy seretmeli. Men ýylda iki gezek doly lukmançylyk barlagyndan geçýän. Esasanam adamyň bogun ýerleri garradygyň saýyn ejizläp başlaýar. Kadaly iýip, içmeli. Ir ýatyp, ir turmaly. Her gün sagat 10:00-de (agşam) ýatmaly. Sagat 11:00-den (agşam) geçmeli däl,” diýip Daulatow öz maslahatyny berdi.

Saidmurat Dawlatow: «Durmuşda ýalňyşan ýerlerim boldy…»

Dawlatow durmuşda goýberen ýalňyşlary barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä iň uly ýalňyşy ýeke özi karar almagy, ikinji ýerde öz boýnuna köp jogapkärçilik almagy, şeýle-de ýalňyş adamlara maýa goýum goýmagy sanap geçdi. “Puluňyz köpelende ony senden bir emel bilen alasy gelýänler köpeler. Bir köpügiňizem bermäň. Ol siziň gara zähmetiňiz. Puluňyzy peýdaly zada ulanyň. Iş orunlary dörediň, halkyň bähbidine biznesler guruň.”

Merdan Ataýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok