Bilim ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň bilim ulgamda birnäç halkara derejede hyzmatdaşlyklar amala aşyrylýar. Bu hyzmatdaşlyklar boýunça talyplar we mugallymlar daşary yurtlaryň abraýly bilim edaralaryna okuw-iş saparlary bilen gidýärler. Şeýle-de daşary ýurtlardan hem biziň döwletimize bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hünärmenler saparda bolýarlar.
Bilim ulgamynda işjeň hyzmatdaşlaryň birisi hem iri halkara guramasy bolan Ewropa Bileleşigidir. Bu ugurda häzirki wagtda Ewropa Bileleşigiň «ERASMUS+» maksatnamasynyň «Geçiş ykdysadyýetli döwletler üçin senagat telekeçiligini dolandyrmakda magistr maksatnamasyny kämilleşdirmek – MIETC» atly taslama üstünlikli amala aşyrylýar. Bu taslamanyň işine türkmen tarapyndan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de onuň Tehnologiýalar merkezi gatnaşýarlar we olaryň talyplary, mugallymlary we hünärmenleri hem meýilnama laýyklykda sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny geçirýärler we okuw-iş saparlaryny amala aşyrýarlar.

Geçen günlerde has takygy 19.03.2023ý. – 24.03.2023ý. senesinde tejribe okuw maksady bilen Italiýa Respublikasynyň Neapoldaky Federiko II uniwersitetine Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary we Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlarynyň 14-i okuw we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan hünärmenler iş saparynda boldular. Şeýle hem bu okuw maslahatyna Ispaniýa Patyşalygynyň Santýago de Kompostela uniwersitetinden, D.Serikbaýew adyndaky Gündogar Gazagystan döwlet Tehniki uniwersiteti, Gazagystan Respublikasynyň Alyjylar Bileleşiginiň Karaganda uniwersiteti, Täjigistan döwlet söwda uniwersiteti we Täjigistan Tehnologiýa uniwersitetinden birnäçe professor mugallymlar hem gatnaşdylar.

Iýun aýynyň 19-20 aralygynda hem bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek we hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak, bilelikde okuw, usulyýet we ylmy-barlag işleri alyp barmak we kämilleşdirmek maksady bilen meýilnama boýunça Ýewropa Bileleşiginiň “Erasmus+” maksatnamasynyň çäginde online görnüşinde birnäçe okuw sapaklary gurnaldy. Bu sapaklara hyzmatdaş ýurtlaryň talyp ýaşlary, professor mugallymlary we işewürler gatnaşdylar.

Taslamanyň çäklerinde halkara ülňülerine gabat gelýän okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini hem çykyşlarda bellediler. Onlaýn duşuşykda
geçirilen sapaklaryň netijeleri we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boýunça özara pikir alyşyldy.

Duşuşygyň dowamynda dürli sorag-jogaplar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk gazanyldy.

Täçmuhammedow GADAM,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok