Uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar!

23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi bilen, şäheriň edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli amal etmek, işgärler köpçüliginiň üstüni yzygiderli ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlaýan uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiz tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjak ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleriň geljekde-de dörediljekdigini belläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok