Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi

2023-nji ýylyñ 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanylyp ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata professor mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyñ dowamynda mugallymlar Magtymguly Pyragynyň goşgularynyñ häzirki döwürde ýaş nesillere ahlak, watansöýüjilik, ynsanperwerlik taýdan görelde mekdebi bolup durýandygyny belläp geçdiler. Mundan başga-da talyplar hem beýik akyldaryň daşary ýurt dillerine terjime edilen goşgularyny labyzly okadylar.

Belläp geçsek, häzirki wagtda ýurdumyzda Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllyk ýubileý toýuna uludan taýýarlyk görülýär.

Yslam DURDYMYRADOW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok