Türkmenistanyň milli ýygyndysy 5-nji halkara Balkan fizika olimpiadasyna gatnaşar

Türkmenistanyň fizika dersi boýunça mekdep okuwçylaryndan ybarat milli ýygyndysy 2023-nji ýylyň 23-25-nji iýun aralygynda Albaniýa Respublikasynyñ Durres şäherinde  geçiriljek 5-nji halkara Balkan fizika olimpiadasyna (5th Balkan Physics Olimpiad 5th BPO 2023) gatnaşar.

Milli ýygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy Amanmädow Allamyrat ýolbaşçylyk eder.

 Bäsleşige ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzüminde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internatynyñ 10-njy synp okuwçysy Nuryýew Jumadurdy, Aşgabat şäheriniñ iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniñň 10-njy synp okuwçylary Hydyrowa Laçyn we Garajaýew Emir hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Sultanow Döwlet dagylar gatnaşar.

Bu ýylky geçiriljek olimpiada Türkmenistan bilen birlikde, Albaniýa Respublikasy, Bolgariýa, Demirgazyk Makedoniýa, Kipr, Gresiýa, Moldowa, Montenegro,  Ruminiýa, Serbiýa, Bosniýa we Gersegowina Federasiýasy, Gazagystan, Gyrgyzystan we Sloweniýa ýaly 14-den gowrak ýurtdan toparlar gatnaşarlar.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.  

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok