Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyzda azyk bolçulygy netijeli ýagdaýda üpjün edilýär. Bu bolsa halk hojalygy toplumynyň sazlaşykly ösüşiniň wajyp şertini emele getirýär. Halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesiniň gaýtadan dikeldilmegi bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmeklige şert döredýär. Oba hojalyk ulgamyny ylmy esasda ösdürmek, tohumçylyk işini kämil ýola goýmak, alynýan hasylyň hilini we mukdaryny ýokarlandyrmak babatda ençeme işler alnyp barylýar. Üstünlikli amala aşyrylýan şeýle oba hojalyk özgertmeleri ilatymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň has hem gowulanmagyna, azyk bolçulygyny döretmeklige giň ýol açýar. Bu toplum ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolup, ol daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we eksport mümkinçilikleri artdyrmak boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň oba hojalyk ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň ýanyndaky ylmy-barlag merkezleriniň alymlaryna we işgärlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Olar ylmy tohumçylyk işini alyp barmak, ekerançylygyň dürli ugurlarynyň agrotehniki işlerini kämilleşdirmek, şol sanda suwaryş ulgamynda täzeçil tehnologiýalary synagdan geçirmek işlerini ýerine ýetirýärler. Oba hojalykçy hünärmenler gowaçanyň ýerli toprak we howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly, durnukly, süýümi uzyn, arassa hilini taýýarlamak ugrunda zerur işleri alyp barýarlar.
Pudakda telekeçilik düzümlerine goldaw bermek we olary höweslendirmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde ýüpekçiligiň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Bu pudak halk senetçiliginiň gadymy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawynda orun almagy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Asyrlaryň dowamynda öz kärine ussat adamlaryň tagallasy bilen ýüpekçiligiň milli däpleri nesilden-nesle geçirilip, olar häzirki günlerde döwrebap derejede dowam etdirilýär we matalaryň dürli görnüşlerini, halylary dokamakda ulanylýar. Tut nahallarynyň ekilen meýdanlary ýyl-ýyldan giňeldilýär. Olaryň ekerançylyk meýdanlarynyň ýakalaryna ekilmegi ekinleri epgekli ýellerden goraýar, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkidýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde ýyladyşhanalara möhüm orun degişlidir. Munuň özi ýylyň ähli paslynda ter gök önümleriň bolçulygynda we täze iş ýerleriniň döredilmeginde ähmiýetlidir. Şeýle hem gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk ösdürilýär. Bal arylara ideg etmek işleri kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri içerki bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde wajyp orny eýeleýärler. Ählihalk çäresine öwrülen bag nahallaryny oturtmak işleri her ýyl amala aşyrylýar. Munuň özi watansöýüjilik we adamlaryň raýatlyk borjuny ýokarlandyrmakda ekologiýa taýdan ähmiýetli çärä öwrüldi. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabaralary watandaşlarymyzyň belent ruha beslenen zähmet baýramçylygy bolmak bilen, ol halkymyzyň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge bolan höwesiniň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem ýurdumyzda pudagyň kadaly ösüşine gönükdirilen kanunçylyk-hukuk binýady döredildi we ol yzygiderli kämilleşdirilýär. Biologik dürlüligi we aýratynlygy saklamak, täze tokaý, seýilgäh zolaklaryny döretmek, «ýaşyl» ykdysadyýeti ilerletmek we ekologiýa diplomatiýasyny işjeňleşdirmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Jemgyýetimiziň ekologik medeniýetiniň ýokarlanmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli tokaý maksatnamasy howanyň üýtgemegi zerarly emele gelýän ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşde umumydünýä işlerine mynasyp goşantdyr. Şeýle asylly çäreler bolsa oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, bagtyýar halkymyzy uly-uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Baýramsoltan MÄMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.
Teswirler