Bagtyýar zamanda obasenagat toplumynyň düzümleriniň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna, hyzmat ediji pudaklaryň, şol sanda elewatorlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurulmagyna düýpli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň esasy öndürijileriniň häzirki zaman ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Döwlet tarapyndan berilýän goldawlar we salgyt ýeňillikleri oba hojalyk önümlerini öndürijileri zähmete höweslendirmegiň möhüm şertidir. Ata Watanymyza hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk bagyşlaýan, möhüm döwür hem gyzgalaňly möwsüm bolan ak bugdaýyň bol hasylynyň Watan harmanyna tabşyrylmagy azyk bolçulygynyň kepilidir. Ýurdumyzda galla oragy möwsüminde ýokary kysymly däne orujy kombaýnlaryň ýokary depginde işledilmegine uly üns berilmegi kuwwatly tehnikalar bilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga mümkinçilik berýär. Esasy azyklyk ekini bolan güýzlük bugdaýyň oragyny guramaçylykly geçirmeklige Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda uly üns berilmegi döwletlilikden nyşandyr. Eziz Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine saldamly goşant goşýan oba zähmetkeşleri hakynda edilýän hemişelik aladalar, ekerançylaryň mynasyp durmuşy, öndürijilikli zähmet çekmegi babatda döredilen şertler göwünleri galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagyny hil taýdan täze sepgitlere çykarýar. Ýurdumyzda tarp ýerler özleşdirilýär, hasyllylygy ýokarlandyrmak we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen zerur çäreler görülýär. Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, tohumçylygyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, iri taslamalary amala aşyrylýar. Ýerlerde ilatyň durmuşy ýyl-ýyldan gowulanýar, oba durmuş derejesi we hili boýunça şähere barha ýakynlaşýar. Tutuşlygyna alanyňda, bularyň hemmesi ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek işini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berip, oba hojalygynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine giň ýollary açýar. Bu ulgamda asyrlarboýy toplanan tejribe oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň öňdebaryjy tehnologiýalary we häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen üstünlikli utgaşdyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle tutumly başlangyçlary, döwletli işleri bilen eziz ýurdumyzy baky bagtyýarlyga besleýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Baýram GURBANDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.
Teswirler