Arkadag şäherinde yrgyldylary anyk hasaplaýan seýsmik stansiýa gurlar!

Ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak, Arkadag şäherini ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek, hasaba almak, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň häkimligine:

— jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we beýleki enjamlary satyn almak boýunça;

— seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýany gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek tabşyryldy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok