Arkadag şäherinde azyk, saglygy goraýyş we beýleki maksatly serişdeleriň önümçilik desgalary gurular!

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerde senagat pudagyny ösdürmek, klaster taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik hem-de hyzmat ediş binalarynyň, desgalarynyň gurluşyk işlerini 2023 — 2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi.

Degişli düzümlere azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik zolagynda binalarydyr desgalary gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek tabşyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok