Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly meselelere seredildi.

Göçme mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz iýun aýynyň 28,29,30-y günleri ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi.

Resminama bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara degişli Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok