Suw gorlaryny rejeli peýdalanmagyň bähbidine

Häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň suw bilen doly üpjün edilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Ýurdumyzda suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, akabalaryň, suwaryş ulgamlarynyň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin döwletimiz uly işlere badalga berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden çykýan zeý suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň ekologiýa ýagdaýyna amatly täsir edýän bu ägirt uly taslama möhüm roly oýnaýar. Ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdan başga-da, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gorlary döredilýär, olaryň tebigy süzülmeginiň döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde tarp ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, agaç nahallaryny suwarmak, tehniki hajatlar üçin peýdalanyp bolar. Bularyň ählisiniň maksady, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşi hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenen suw diplomatiýasy öňdebaryjy tejribeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Türkmenistan Watanymyzyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň çäklerinde amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary muňa şaýatlyk edýär. Suw gorlaryny rejeli ulanmaklyga sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda ekinleriň ýerleşdirilmegi, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramagyň biotehnologiýa usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy hem ykdysadyýetimizi innowasiýa esasynda ösdürmäge täze itergi berýän möhüm işlerdir. Oba hojalygy boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýola goýulýan işleriň kämilleşdirilmegi, okatmak işinde innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bellenmäge mynasypdyr. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny sanlylaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň netijesidir.

Ogulbagt REJEPBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok