Özbegistanda geçiriljek prezident saýlawlary üçin ýurdumyzda saýlaw uçastoklary dörediler!

Türkmenistanda Özbegistanyň prezidentiniň 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda boljak wagtyndan öňki saýlawlarynda ses bermek üçin saýlaw uçastoklary dörediler.

Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn ýa-da hemişelik bolýan Özbegistanyň raýatlary özleriniň raýat hukuklaryny ýerine ýetirip bilerler we Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanynda açyljak aýratyn saýlaw uçastogynda saýlawlarda ses berip bilerler.

Ol şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, jaý 50-a.

Şeýle hem Türkmenabat şäherindäki «Ýüpek ýoly» myhmanhanasynda we Daşoguz şäherindäki «Daşoguz» myhmanhanasynda göçme saýlaw uçastoklary işlär.

Türkmenabatda ses berişlik 30-njy iýunda, Daşoguzda  — 28 iýunda geçer.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok