Ýaş alymlary sylaglamak dabarasy geçirildi

Şu gün Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ylmy bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde üstümizdäki ýylyň başyna yglan edilip, ýurdumyzyň ylma höwesek ýaşlarynyň nazaryny özünde jemledi. Ylmy bäsleşige hödürlenen işler ýörite eminler topary tarapyndan seljerilip, iň gowulary saýlanylyp alyndy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 362-si gatnaşyp, şolaryň 487-si talyp, 875-si dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlardyr. Olar bäsleşikde özleriniň amaly işlerini, ylmy barlaglaryny görkezdiler.

Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ylymda esasy öňe sürülýän alty ugur boýunça geçirildi.

Ýaşlaryň hödürlän taslamalarynda we işlerinde ylmy täzeçilligi, iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň hem-de önümçilige ornaşdyrmagyň zerurlygy göz öňünde tutuldy. Şonuň netijesinde, bäsleşige hödürlenen ylmy işleri seljeren emin agzalary ýeňijileriň 67-sini kesgitlediler. Olaryň 25-si talyp ýaşlar bolup, 42-si ýaş alymlardyr. Olary sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal alymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, Ylymlar akademiýasynyň aspirantlary we doktorantlary gatnaşdylar. Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.

Awdyresul KAKABAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok