Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda hokkeýi ýaýbaňlandyrmak, olar boýunça ýokary we ýörite orta bilim berýän mekdeplerinde ýörite okuw derslerini we tälim beriş ugurlaryny açmak işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Golaýda türkmen türgenleriniň sportuň bu görnüşi boýunça nazary we amaly bilimlerini artdyrmak üçin «Şaýbaly hokkeýiň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw gollanmasy çapdan çykdy.
Allaberdi Saparow bilen Aşyrmuhammet Hojakulyýew tarapyndan çapa taýýarlanan bu okuw kitabynda sportuň şaýbaly hokkeý görnüşi bilen meşgullanmaga girişmek üçin bildirilýän ilkinji talaplardan başlap, ýokary sportda ýurdumyzyň abraý-şöhratyny dünýä ýaýjak ussat türgenleri terbiýeläp we tälim berip ýetişdirmegiň iň bir çylşyrymly, inçe taraplary barada ylmy-usuly nukdaýnazarly maglumatlar, maslahatlar, ussatlyk sapaklary beýan edilýär.
Hokkeý boýunça ýurdumyzyň geljekki hünärmenlerini – talyp ýaşlaryny okatmak üçin taýýarlanylan «Şaýbaly hokkeýiň nazaryýeti we usulyýeti» diýen okuw kitaby diliniň ýönekeýligi, mazmunynyň her bir okyja düşnükliligi bilen özüne çekýär. Okuw kitabyndaky jümleler geljekde ykbalyny hokkeý sportuna bilen baglajak talyp ýaşlaryň ýüregine, aňyna çuňňur ornaşmak bilen, olary sportuň bu täsin görnüşiniň dünýäsine içgin çekmäge giň mümkinçilikleri döreder.
Arslan MATMURADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler