Aýratynam kaşaň myhmanhanalarda adaty bir zat ýaly görünýän hammamdaky telefonlar köpümize manysyz ýaly görünýär, ýöne aslynda ol köp maksatly.
Kaşaň myhmanhanalaryň hammamlaryndaky telefonlar indi uzak wagtdan bäri bar. Munuň ilkinji sebäbi myhmanhanada dynç alýan adamyň hammamda wagty gelen möhüm jaňlary sypdyrmazlygy üçindir. Işewür adamlara häli-şindi gyssagly we zerur jaňlar gelip durýar. Hammamdaky telefon olaryň zerur jaňlary dessine almagyna şert döredýär.
Ikinji sebäbi myhmanhananyň dört ýa-da bäş ýyldyzly bolmagy üçin hammam telefonlary düzgün boýunça hökmany bolup durýar. Bu köne düzgüniň häzirki wagtda güýji ýok hem bolsa ol miras hökmünde saklanýar.
Ýene bir sebäbi bolsa howpsuzlyk üçin. Adatça käbir garaşylmadyk ýagdaýlar şeýle-de betbagtçylykly wakalar hammamlarda we hajathanalarda bolýar. Şeýle ýagdaýlarda, kabul ediş bölümine habar bermek üçin ýeke-täk zat hammam telefonyny ulanmak bolup durýar.
Atajan EÝÝUPOW.
Teswirler