Türkmenistana Pyragynyň goşgularynyň golýazmalarynyň nusgalary berildi

Birnäçe wagt mundan ozal türkmen alymlary Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň türkmen şahyry Misgingylyç tarapyndan ýazylan golýazmalarynyň nusgalaryny bermek haýyşy bilen Kazan federal uniwersitetine ýüz tutdular.

Bu golýazmalar Kazan federal uniwersitetiniň N.I.Lobaçewskiý adyndaky Ylmy kitaphanasynyň Golýazmalar we seýrek kitaplar bölüminiň gaznasynda saklanýardy. Golýazmalaryň nusgalary uniwersitetiň Prezidenti Riýaz Minzaripow şu gün Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowa gowşurdy.

Golýazmalaryň nusgalarynyň gowşurylyş çäresine Kazan uniwersitetiniň Ylmy kitaphanasynyň müdiriniň orunbasary Elmira Amerhanowa hem-de Golýazmalar we seýrek kitaplar bölüminiň müdiri Enje Sabirowa gatnaşdy.

Golýazma 1982-nji ýylda dilçi Jamilýa Karmyşewa tarapyndan uniwersitete gowşurylypdyr we 1909-njy ýylda ýazylyp tamamlananypdyr.

Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanow Kazan uniwersitetiniň şeýle-de ylmy kitaphananyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Ýazgül HALLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok