Geçmişde ýurdumyzyň çäginde köpsanly, meşhur ylym-bilim ojaklary bolupdyr. Şolaryň biri-de Magtymguly Pyragynyň okan Idris baba medresesidir.
Idris baba medresesi häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Gyzylaýak obasynda ýerleşýär. Bu medresäniň gurlan wagty, takmynan, 1640-njy ýyl diýlip çaklanylýar. Ony gurduran Gyzylaýak obasynda görnükli şahsyýetleriň biri Hezreti Idris baba bolup, onuň hakyky ady il içinde sylagly ýaşulularyň berýän gürrüňleri boýunça Muhammet bolupdyr. Idris babanyň aslynyň ürgençli bolup, ene-atasynyň bu ýere göçüp gelendigi barada maglumatlar bar.
Idris babanyň ýaşap geçen döwri XVI asyryň ahyrlary XVII asyryň başlary diýlip çaklanylýar. Häzirki wagtda onuň gubury Esenmeňlide ýörite gonamçylykda ýerleşýär.
Idris baba medresesinde bejeriş işleriniň geçirilmegi bilen, onuň öňki durky täzelendi. Medresäniň ilkibaşlarda 24 sany hüjresi bolup, daşyna haýat aýlanan howlusy hem-de dört burçunda dört diňi bolupdyr. Emma Amyderýanyň suwunyň öz hanasyna sygman joşandygy sebäpli, onuň diňlerine we birnäçe böleklerine zeper ýetipdir, şol wagt onuň bezegi bolup, seleňläp oturan 2 sany tut agajynyň hem bir bölegi suwuň ugry bilen akyp gidipdir. Emma medresä hiç hili zyýan ýetmändir, häzirki wagtdaky onuň keşbi zyýan ýetmän galan bir bölegidir. Täzeden timarlanyp bejerilen medrese Magtymguly atamyzyň gadamy düşen mukaddes ýerleriň biridir.
Medresäniň öňündäki garry tutdan hem bir keramat gözleýärler. Onuň ýanynda durup, ýagşy doga-dilegler edýärler. Bu tuda «Idris babanyň eken tudy» diýýärler. «Nyýazguly halypanyň eken tudy» diýýänlerem bar. «Magtymgulyny gören tut» hem diýýärler. Idris babanyň ýaşan, bu medresäni gurduran ýyllaryny çen edýärin. Nyýazguly halypanyň ýaşan, bu medresede sapak beren döwründen hasap çykarýaryn. Magtymgulynyň bu medresä maňlaýyny diränine-de iki ýarym asyrdan köp, üç asyra golaý wagt geçipdir. Şeýlelikde, bu tuduň 350 ýyla golaý ýaşynyň bardygyny tassyklamak mümkin. Bu tut medresäniň özi bilen ýaşyt diýseler ynanman bolmaz.
Jennet ÖWEZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler