Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda jebislikde dünýä nusga bolýan halkymyz mähriban Watanymyzyň sahawatly gujagynda ýene-de bir milli senäni — mukaddes Gurban baýramyny garşy alýar. Döwrümize öwüşgin berýän bu baýram adamlaryň köňlüni päkläp, ýagşylyga çagyrýar. Gurbanlyk — halallygyň, arassaçylygyň, agzybirligiň, birek-birek bilen didarlaşmagyň baýramy.
Ynsan kalbyna rehimdarlygy, tämizligi bagyş edip, adamlary birek-birege ysnyşdyrýan bu baýramda gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyz pugta berjaý edilýär. Gurban baýramynyň ilkinji güni metjitlerde baýram namazy okalýar. Her bir maşgala ojagynda milli tagamlar taýýarlanylýar, saçaklar giňden ýazylyp, dürli naz-nygmatlar bilen bezelýär. Birek-birege myhmançylyga barlyp, ýagşy niýet-arzuwlar aýdylýar. Berilýän sadakalarda döwletimiziň asudalygy, halkymyzyň agzybirligi, rysgal-döwletlilik, her bir maşgala ojaklarynyň abatlygy, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edilýär.
Gurbanlykda, köplenç, dograma, palaw, çekdirme ýaly milli naharlar bişirilýär. Gurbanlygyň birinji güni adamlar ir säherden şatlyk-şowhun bilen bir goňşynyňka üýşüp, günortana çenli onuň naharyny taýýarlaýarlar. Agzybirlikde, saçak başynda söhbet edip, nahar iýip, çaý içip bolanlaryndan soň, goňşular olaryň gurbanlyklarynyň kabul bolmagyny arzuw edip, ýagşy doga-dilegler bilen töwir galdyrýarlar. Soňra agzybirlik bilen agşamlyk gurbanlyk etjek goňşynyň öýüne barylýar. Gurbanlygyň üç güni hem şeýle bagtyýarlyk, agzybirlik ruhunda geçýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýakyn günlerde 2312 sany ildeşimiz haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler. Bu bolsa halkymyzda dini däp-dessurlarymyza, ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýlup, şol däpleriň häzirki döwrüň ruhuna mynasyp derejede ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mähriban ildeşler! Gurban baýramyňyz gutly bolsun! Berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, okajak aýat-töwirleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, Gurban baýramy her bir ojaga, Watanymyza egsilmez bereket, bagt hem-de abadançylyk getirsin!
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.
Teswirler