Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan ýurdumyzda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamak we barha kämilleşdirmek maksatnamasy üstünlikli amal edilýär. Bu ulgamyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, täze tehnikalar bilen üpjün etmäge, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga gönükdirilýän iri möçberli maýa goýumlar möhüm ugurlaryň biridir. Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Ol senagat üçin zerur bolan çig mallaryň üpjünçiligini ýola goýýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda suwarymly ekerançylyk babatda ägirt uly tejribe toplandy, giň gerimli suw hojalyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, täze tarp ýerleri özleşdirmek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Meliorasiýanyň öňdebaryjy usullary ulanylýar. Ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ýokary depginler bilen ösdürilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmagyň köpasyrlyk tejribesini, oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrülýär. Häzirki wagtda oba hojalygyny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri innowasion esasda çözülýär. Agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemeleri bilen bagly maglumatlary öňünden çaklamak üçin seljeriş platformasy döretmek, ekerançylyga we maldarçylyga «akylly» tehnologiýalar ornaşdyrmak esasy çärelerdir.
Ýurdumyzda ylmy-barlag edaralary tarapyndan alnyp barylýan tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda oba hojalyk pudagyny ylmy taýdan ösdürmegiň binýady hem berkidilýär. Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, şunda hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmak ýaly meseleler döwletimiziň oba hojalyk syýasatynda öz beýanyny tapýar.
Azyk bolçulygyny üpjün etmekde dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagyna, pudakda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berip, ýurdumyz oba hojalyk pudagyndaky düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmekde tejribe alyşýar. Şunda obasenagat toplumynyň ähli kuwwatlyklaryny doly herekete girizmek, önüm öndürijilere goldaw bermek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hilli önümleriň önümçiligini artdyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Meýlis TIRKEŞOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler