Häzirki wagtda Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň has-da pugtalandyrylmak, aýratynda dünýä döwletleri bilen parahatçylyksöýüjilik, özarabähbitlilik we ynanyşmak gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda halkara derejesinde çykyş edýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagyna, dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklarynyň has-da ösmegine ýardam edýär. Ine, şeýle döwletleriň biri hem Wengriýa Respublikasydyr.
Belläp geçsek, şu gün Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana resmi sapary başlanýar. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna ýardam eder.
Türkmen-wenger gatnaşyklary öz gözbaşyny has gadymy döwürden alyp gaýdýar. Iki halkyň arasynda gatnaşyklar esasanda, orta asyrlarda meşhur Büýik ýüpek ýolunyň üsti bilen has-da ösüpdir. Türkmen ýerlerinden giden söwdagärler kerwen ýollary arkaly Ýewropa, şol sanda wenger ýerlerine hem gidip öz harytlaryny satypdyrlar. Hatda türkmen halkynyň ata-babalary bolan hunlar hem Atillanyň ýolbaşçylygynda hut wenger ýerlerinde mekan tutupdyrlar. Bu iki doganlyk halkyň taryhynyň, medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň arasynda baglanyşygyň bardygyna şaýatlyk edýär.
Baky bitarap Türkmenistan garaşsyz bolandan soň, bu taryhy gatnaşyklarda täze sahypa açyldy. Wengriýa Respublikasy bilen ýurdumyzyň arasynda 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu bolsa turkmen-wenger gatnaşyklaryny ykdysady, medeni we ylym-bilim ugurlarynda has-da ösdürmäge uly ýardam etdi. Häzirki döwürde ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we söwda-ykdysady ugurlarda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolmak bilen Wengriýa Respublikasy halkara derejesinde Türkmenistanyň energetika, ulag we ekologiýa howpsuzlygy baradaky halkara başlangyçlaryny işjeň goldap çykyş edýär. Türkmenistan Wengriýa bilen özara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda işjeň alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, däp bolan syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň, daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmegiň ähmiýeti uludyr. Iki ýurt BMG, ÝHHG, ÝB we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydyr. Wengriýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýär hem-de ýurdumyzyň ählumumy möçberdäki howpsuzlygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň maksatlaryna laýyk gelýän halkara başlangyçlaryny goldaýar.
Batyr GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Teswirler