Dertlere derman melhemlik ösümlikler

Uzak ýaşaýan agaçlara degişli bolan hoz dermanlyk we azyklyk häsiýetli gymmatly agaç. Dünýä ýüzünde takmynan, 20 görnüşi, ýurdumyzda 1 görnüşi duşýar. Boýy 20-25 metre çenli bolan hozuň başynyň gabarasy 20 metre çenli ýetýär. Sütünleri garamtyl-çal reňkli, örän owadan, pudaklary ýaşyl, güýzüne goňrumtyk-ýaşylymtyl reňkdedir. Ýapragy çylşyrymly, uzynlygy 20-40 sm, ösüp çykýan pudaklarda 75 sm uzynlykda, ini 15-40 sm, nobatlaýyn ýerleşen.

Gülleri aýry jynsly, ownuk, ýaşylymtyl reňkli, bir öýli. Miweleri togalak ýa-da süýri şar görnüşli, daşy gara-ýaşyl reňkli galyň gabyk bilen örtülen. Agaçlaşan gabygynyň içinde ikileýin maňyz ýerleşýär. Hoz agajy, adatça, ýapragyny çykarýan wagtynda aprel-maý aýlarynda gülleýär. Miwesi sentýabr- -oktýabrda ýetişýär. Hoz deňiz derejesinden 900-1500 metr belentlikde ösýär. Ol ýurdumyzdaky seýrek ösümlikleriň hataryna goşulýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik bolup durýar. Hozuň dermanlyk maksatlary üçin ýapragy, bişmedik miweleri we miweýany çig mal bolup hyzmat edýär. Ýapraklaryny maý aýynyň ahyrlaryndan iýun aýynyň birinji ýarymyna çenli aralykda, olar entäk ösüşini doly gutarmanka we hoşboý ysly wagty ýygnamaly. Agajyň ýapragynda 2250-4500 mg%-e çenli С, P, B, witaminler, 0,33 mg% karotin, 0,01-0,03% efir ýagy, 3-5% eý maddasy, kwersetin giperozidi we kemiferol flawonoidler, hinonlar, fenil-karbon turşulyklar, reňk beriji ýuglon saklanýar. Hozuň ýapragynda C witaminiň mukdary ýokary.

Miweýanynyň ýaşyl gabygy askorbin turşusyna baý – 3000 mg%-e çenli, karatin – 25000 mg%. Hoz maňzy örän gymmat bahaly önüm, onuň düzüminde 75%-e çenli ýag, 20% töweregi beloklar, 7-16% uglewodlar, 30-50 mg% C, 0,3 mg% B1 witamini, karotin we beýleki E, P witaminleri, şeýle hem demriň hem koboltyň duzlary girýär.

Hoz agajy has gadymy dermanlyk ösümlikleriň sanawyna girýär. Abu Aly ibn Sinanyň «Şypanama» diýen işinde hozy dürli keselleriň bejergi serişdesi hökmünde ulanmak maslahat berilýär. Hozuň ýaşyl miweýanyndan taýýarlanylan toşaba ary balyny goşup peýdalanylanda diş etiniň gan akmasyny aýyrýar. Halk lukmançylygynda hoz agajy dürli-dürli maksatlar üçin peýdalanylýar. Şeýle hem ony süýji keselinde ulanýarlar. Miwesinden tayýarlanylan peti ýokary gan basyşynda içilýär. Hozuň ýapragyndan taýýarlanan çaýy süýji keselinde ulanylýar. Hozuň maňzyny azyklyk üçin täze we guradylan görnüşinde peýdalanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byn­da türk­men top­ra­gyn­da bit­ýän der­man­lyk ösüm­lik­ler ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da müň der­de der­man ha­sap­lan­ýan üzär­lik ba­ra­da hem gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­ýär. Üzär­li­giň dü­zü­min­de ada­myň be­de­ni­ne peý­da­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän dür­li mad­da­lar, ýag­ny gar­ma­lol, gar­min, pe­ga­nin ýa­ly al­ka­lo­id­ler, ka­liý, mag­niý, de­mir ýa­ly mak­roe­le­ment­ler, mar­ga­nes, al­ýu­mi­niý, ni­kel ýa­ly mik­roe­le­ment­ler sak­lan­ýar. Üzär­li­giň tüs­se­si­ adam sag­ly­gy üçin howp­ly bak­te­ri­ýa­la­ry ýok ed­ýär. Oba ho­ja­ly­gyn­da ösüm­lik­le­re zy­ýan ber­ýän mör-mö­jek­le­re gar­şy ulan­mak­da hem üzär­li­giň peý­da­sy ulu­dyr. Onuň otu­ny ir ba­har­da gun­ça­la­ýan wag­tyn­da ýyg­na­ma­ly. Çig ma­ly ada­ty usul­da gu­rat­ma­ly hem taý­ýar­la­ma­ly. Taý­ýar bo­lan çig ma­ly ma­ta ýa-da ka­gyz hal­ta­da sak­la­ma­ly. Üzär­lik ýur­du­myz­da­ky seý­rek ot-çöp­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­ma­ýar. Der­man­lyk mak­sat­lar üçin go­ry ýe­ter­lik. Luk­man­çy­lyk mak­sat­la­ry üçin üzär­li­giň oty, seý­rek ýag­daý­lar­da to­hu­my der­man­lyk çig mal bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Orazjemal MERDANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok