Hem gatnaşyjy, hem meýletinçi!

Ýaňy ýakynda ýaşlaryň arasynda “Mahabat-üstünligiň açary” atly  döredijilik festiwaly geçirildi.

Şol festiwalda meýletinçi hökmünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Maglumat beriş bölüminiň meýletinçisi Berdigylyç Ýazmyradow hem gatnaşdy. Şol sanda ol bäsleşige özüniň mahabat işi bilen gatnaşdy. Berdigylyç haryt-hyzmat mahabaty nominasiýasy boýunça işini bäsleşige hödürledi. Onuň işi öz nominasiýasynda saýlanan işleriň hatarynda görkezilip, emin agzalar tarapyndan ýokary baha berildi.

Ýaş meýletinçi bäsleşige şol bir wagtda meýletinçi hem gatnaşyjy hökmünde gatnaşyp, saýlanan ýeke-täk gatnaşyjy hasaplanýar.

Berdigylyç Ýazmyradow häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok