TOHI-de “Daşky gurşawy goramak” atly ylmy maslahaty geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda bu geçirlen ylmy maslahaty UNESCA-nyň daşky gurşawy goramak konsepsiýasyna laýyklykda geçirildi. Türkmenistan döwleti bu gurama agza bolmagy bilen dünýäň ýüzüni ekologiýa taýdan gorap saklamak barada türkmen hünärmenleri tarapyndan konsepsiýa teklip edildi bu gurama konsepsiýany hem makul bilinip kabul etdiler. Türkmen oba hojalyk instituty hem UNESCA-nyň daşky gurşawy goramak  kluby açyldy. Bilşimiz ýaly bu gurama dünýä ýüzünde 100-den gowrak ýokary okuw jaýlary şul ugurdan agza edip almaly barada karar kabul edildi, biziň ýurdumyzdan hem 6 sany ýokary okuw jaýy kabul edildi. Türkmen oba hojalyk instituty hem bu gurama agza boldy, bagtyýar talyplar hem bu habary eşidip öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Ylmy maslahaty şu tertipde geçirildi, deňizleri gorap saklamak hakynda, ösümlikleri gorap saklamak hakynda, haýwanlary gorap saklamak, zyýanly zyňzyndylardan we hapa howadan gorap saklamak hakynda, ozon gatlagyny gorap saklamak hakynda, oba hojalyk ekin meýdalaryny gurplandyrmak şorlaşan ýerlerini oňarmak ýeri sürmek hakynda, şorlaşma garşy göreşmek hakynda gürrüň edildi.

Döwlet ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok