Ertir ýagny, 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzda (welaýatlarymyzda hem) welosipedli ýöriş geçiriler. Şol sebäpli Aşgabadyň Çandybil köçesi bölekleýin, Bitaraplyk şaýoly bolsa dolulygyna wagtlaýyn ýapylar.
Aşgabat şäheriniň «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga aljak welosipedli ýöriş Çandybil we Bitaraplyk şaýolunyň ugry bilen Galkynyş köçesindäki pellehana çenli dowam eder.
Her ýyl bolşy ýaly welosipedli ýöriş ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarydyr, professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçiriler.
Teswirler