Ertir ýurdumyzyň üç welaýatynda galla oragyna başlanar!

Ertir ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda edermen daýhanlarymyz Arkadagly Serdarymyzyň «Çäjiňize bereket, edermen gallaçy daýhanlar!» diýip aýdan sözlerinden ruhlanyp, galla oragyna başlarlar.

Mälim bolşy ýaly, 26-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok