Bagtyýar nesiller Watanymyň bagty

Bedew batly ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladalar döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny täze ösüşlere ýetirmek, bilim ojaklaryny ýokary hilli, elektron serişdeler bilen üpjün etmek, kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirip neşir edilýän kitaplaryň sanyny artdyryp, bagtyýar ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk ylym-bilim alyp, edepli-terbiýeli, ruhy taýdan berk bedenli, ahlak taýdan arassa ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz taýsyz tagallalary edýär.

Watanymyzyň daýanjy bolan, nurly ertirlere maksat tutan ýaş nesiller barada edilýän aladalar Hormatly Prezidentimiziň esasy üns merkezinde durup bu günki günde ylym-bilim ulgamynda täze belentlikler barha rowaçlanyp, ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermek, okatmagyň täze usullaryny ösdürmek we mugallymçylyk tejribelerini has-da kämilleşdirmek, ýaş nesilleriň boş wagtlaryny manyly hem şadyýan geçirmekleri ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda ylymly-bilimli, watansöýüji kämil şahsyýetleri kemala getirip, ýaş nesilleriň aň we bilim taýdan döwür bilen aýakdaş gitmelidigini aýratyn belläp geçýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylyp ulanylmaga berilýän dünýä ülňülerine laýyk gelýän, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen, giň we ýagty otagly ak mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport we sagaldyş dynç alyş merkezleriniň sanynyň barha artmagy ýaşlar barada edilýän aladanyň çäksizdigini subut edýär. Bu edilýän işler bolsa ýurdumyzda ylym-bilim özgertmeleriniň barha rowaçlanmagyna we ýaş nesilleriň zehinleriniň gül açmagyna ruhlandyrýar.

Mary welaýat çagalar kitaphanasynda hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin edebiýat agşamlary, aýdym-sazly dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýaňy ýakynda hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Mary welaýat kitaphanasynyň döwrebap binasynda Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň we Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda  «Bagtyýar nesiller Watanymyň bagty» ady bilen geçirilen çäre hem çagalaryň şatlygyny goşalandyrdy. Ýokary ruhubelentlige beslenen bu dabarada ýaş nesilleri watançylyk ruhunda kemala getirmek, ruhy-ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde öňde durýan möhüm wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler edilip, çagalar durmuşyna degişli gyzykly ertekileriň we goşgularyň okalyp berilmegi çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle-de çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda ertekiler esasynda sahnalaşdyrylan gurjak oýunlarynyň sahnalaşdyrylmagy çagalaryň şatlygyna şatlyk goşup, çagalaryň kalbyny ruhy-joşguna besledi.

Baý hazynaly kitaplaryň we milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän eserleriň sergilenmegi çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Bu dabarada  çagalaryň zehin döredijiligi barada täsirli gürrüňler edilip, Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň okap bilim alyp, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.  Dabarada ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren, çagalaryň berk bedenli, sagdyn-ruhly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri  döredip berýän Arkadagly Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.

OGULJENNET WELLATOWA,

Mary welaýat çagalar
kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok