Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň ykdysadyýet we dolandyryş institutynda mugallym, žurnalist, sanly tehnologiýalar bilermeni, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzasy Merdan Ataýew bilen talyplaryň arasynda okuw sapagy geçirildi.

Merdan Ataýew häzirki wagtda talyplarda esasan hünär sowatlylygyny hem-de kitaba bolan söýgüni artdyrmak barada belläp geçdi.
Sapagynyň dowamynda talyplaryň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” atly romany boýunça sorag-jogap geçirdi. Dogry jogap beren talyplara TMÝG-nyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Şeýle-de okuw sapagynyň çäklerinde kitap sergisi guraldy.
Teswirler