Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň mekany

Bütin dünýäde her ýylyň 1-nji iýunynda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni parahatçylyk, ynsanperwerlik, dostluk ýaly umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramdyr. Ýurdumyzda bu baýramçylygyň uly dabaralar bilen bellenilmegi Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň jemgyýetimizde uly alada bilen gurşalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim-terbiýe almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda her ýyl ençeme döwrebap bilim ojaklary gurulýar we olar kämil tehniki enjamlar, kompýuterler, kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde bilim-terbiýeli, hünärli nesil kemala gelýär.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde bagtly çagalygyň we ak arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa çagalar, olaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nesillerimiziň parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň gadyryny bilip, bala-çagalarymyzyň päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly, hakyky watançy we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmeklerinde işjeňlik, döredijilik, aň-paýhas taýdan goşant goşmak hemmämiziň borjumyzdyr. Çünki çagalar hakdaky alada şu günki bagtyýar durmuşymyzyň, röwşen geljegimiziň aladasydyr.

Sahymyrat AGAMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok