Obasenagat toplumynyň gadamy batly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn esasda özgertmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly üstünliklere beslenýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup çykyş edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» obasenagat toplumyny kämilleşdirmekde täzeçe çemeleşmeler, täzeçe ugurlar öňe sürlüp, ondan gelip çykýan wezipeler üstünlikli amal edilýär. Ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy bolan oba hojalygyny has hem ösdürmek, ony düşewüntli pudaga öwürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaklyk mynasyp dowam etdirilýär we onuň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Bu toplumy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen döwlet başlangyçlary öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary, dünýäniň iň gowy tejribeleriniň ornaşdyrylmagy esasynda çözülýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde täze obalar we şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary, elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar hem-de suw arassalaýan desgalar gurulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bugdaý, pagta, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda yhlas edilýär, täze baglardyr üzüm ýetişdirilýän meýdanlaryň uly çägi döredilýär. Bu bolsa, öz gezeginde obasenagat toplumynyň tehniki üpjünçilik derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap edýär, döwrebap tehnikalara, mehanizasiýa serişdelerine bolan islegleri hem-de aýry-aýry tehnologik işleriň awtomatlaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Häzirki wagtda obasenagat toplumynyň ylmy-tehniki üpjünçiliginiň meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar satyn alynýar. Oba hojalygyny dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary öndürijilikli tehnikalary we enjamlary, bugdaý, pagta ýygýan kombaýnlary bilen üpjün etmekde oňyn tejribeler hem toplandy. Oba hojalyk ulgamyndaky hususy telekeçilige, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmeklige hem-de ýurdumyzyň önümleriniň eksportynyň möçberini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işlere uly badalga berilýär. Halkara tejribä we döwrüň talaplaryna, milli aýratynlyklara laýyklykda, bu ulgamda täze guramaçylyk-hukuk usullarynyň ulanylmagy kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Welaýatlaryň her birinde telekeçileriň gatnaşmagynda azyk ulgamlary döredilýär, doly önümçilik tapgyrly iri toplumlar guruldy we olaryň ençemesiniň gurluşygy batly depginde dowam etdirilýär. Şeýle hem tebigaty goramak meselesi ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Halkara bileleşik dünýä derejesinde ekologik başlangyçlary öňe sürmek arkaly şu ugruň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa ulgamyndaky syýasaty netijesinde Türkmenistan Watanymyz halkara gatnaşyklar üçin ygtybarly binýady döredip, özüniň tejribesini artdyrýar. Munuň özi häzirki döwrüň ählumumy wezipelerini üstünlikli çözmäge gönükdirilendir.

Gunça NAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok