Alymlar bakteriýalardan belogyň alternatiw çeşmesini döredýärler

Massaçusets uniwersitetiniň alymlary wodorod bilen iýmitlenýän bakteriýalardan belogyň alternatiw çeşmelerini döredýärler. Gözlegçileriň pikiriçe, bu adamzady durnukly iýmit bilen üpjün etmäge we daşky gurşawa ýetirýän zyýany azaltmaga kömek eder. Gözlegçiler oba hojalygynyň ýerlerini ulanmagy talap etmeýän we azyndan uglerod dioksidini çykarjak bakteriýalara esaslanýan belok çeşmesini sintez etmek babatdaky meýilnamalary teklip etdiler.

Massaçusets uniwersitetiniň alymlary ýokumly beloklary öndürmek üçin wodorodotrofik bakteriýalary, ýagny wodorod bilen iýmitlenýän ulanmagy meýilleşdirýärler. Bu bakteriýalar adaty suwdan alynýan wodorod bilen iýmitlenmäge ukyplydyr. Ol bakteriýalar wodorod, kislorod we kömürturşy gazy azodyň we minerallaryň goşulmagy bilen suwda gaýnadylýan reaktorda ösdürilýär.

Gözlegçiler ýeterlik bakteriýalary ösdürip ýetişdirenlerinden soň, olaryň esasynda ýokumly beloklary döretmegiň usulyny ýola goýup başlarlar. Häzirki wagtda alymlar bakteriýalary saklamakda beloklary çykarmak we ýokumlylygyny saklamak meselesi bilen göreşýärler. Diňe şondan soň ondan haýsy iýmitiň öndürilipbilinjekdigine düşünip bilerler.

Belogyň alternatiw çeşmeleriniň üstünde işlemek dünýäniň köp alymlary tarapyndan alnyp barylýar. Gözleglere görä, asyryň ortalaryna, 2050-nji ýyla çenli, häzirki wagtda öndürilýän azyklyk önümleriniň möçberinden 60% köp iýmit gerek bolar. Çünki dünýä ilatynyň sany gitdigiçe artýar. Şol bir wagtyň özünde has köp ýerleri öri meýdanlaryna ýa-da meýdanlara öwürmek prosesleri hem has kynlaşar we tebigata ýetirilen zyýanyň öwezini dolup bolmazlyk hem mümkin bolup biler.

Soňky ýyllarda tehnologiýanyň hem ylmyň ösmegi bilen laboratoriýa şertlerinde et öndürmek ýa-da beýleki maddalara esaslanýan etiň ornuny tutýan dürli azyklyk önümlerini öndürmek üçin eýýäm birnäçe taslamalar bar we olaryň birnäçesi üstünlikli alnyp baryldy. Mysal üçin, emeli et önümleri soýa ýaly kösükli ekinlerden, suwotulardan we hatda mör-möjeklerden ýasalýar. Dünýä ilatynyň barha artýandygyny nazara almak bilen, belogyň ýa-da etiň alternatiw çeşmelerini öndürmekligiň usullaryny ýola goýmak möhüm mesele bolup çykyş edýär.

Ýakup ATAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok