Sport bilen meşgullanýanlar näme bilen iýmitlense has peýdaly?

Mälim bolşy ýaly, sagdyn ýaşaýşyň netijeliligi iýmitlenişe örän bagly bolup durýar. Şonuň üçin sagdyn menýuda iýmitlenmek gaty möhümdir, sebäbi beden ýagynyň ýakylmagyna onuň diňe bir kaloriýa düzümi däl, eýsem önümleriň düzümi, dowamlylygy, naharlaryň arasyndaky aralyklar hem täsir edýär. Dogry saýlanan deňagramly, sagdyn iýmit düzgüni sport türgenleşiginiň oňyn netijesiniň açary bolup hyzmat edýär.

Sport bilen işjeň meşgullanýanlaryň iýmitinde, islendik sagdyn iýmitde bolşy ýaly, esasy birleşmeleriň, elementleriň, ýagny beloklaryň, ýaglaryň we uglewodlaryň, witaminleriň deňagramly birleşmesi bolmalydyr.

  1. Uglewodlar

Olar beden üçin möhüm «ýangyç» çeşmesidir. Uglewodlar bedende immun ulgamynyň işjeň düzüm böleklerine öwrülmek, bedeniň beýleki gorag täsirlerine gatnaşmak we iň esasysy hem, üznüksiz energiýa bilen üpjün etmek üçin himiki oksidleýji proseslerden geçýär. Sagdyn iýmitlenmek üçin uglewodlara baý bolan däne önümlerini iýmitiňize goşuň. Az işlenmedik iýmitleri saýlaň: süle, goňur tüwi, bugdaý önümlerini saýlaň. Şeýle önümlerde arassalanan önümlere garanyňda iki-üç esse köp uglewod bar. Iň peýdaly uglewodlary hünärmenler gün şöhlesiniň täsiri astynda ösümlikler tarapyndan sintez edilýänleri diýip öňe sürýärler. Ol  içege mikroflorasyny dikeldýär, netijede, iýmit siňdiriş kadaly ýagdaýda saklanýar, aşgazan-içege ulgamynyň çişme keselleriniň döremek howpy azalýar, düwnük keseliniň döremek howpuny peseldýär, şeýle-de ganyň glýukoza derejesini kadalaşdyrmaga kömek edýär. Iýmit süýüminiň görnüşi bolan krahmal dokumalaryň täzeden döremek ukybyny ýokarlandyrýar.

2. Ýaglar

Köp adamlar ýaglardan ýüz öwürmek ýa-da sarp edilişini mümkin boldugyça azaltmak has gowudyr öýdýärler. Şeýle-de bolsa, ýaglar beden üçin, onda-da sport bilen meşgullanýanlar üçin möhümdir, çünki olar birnäçe minerallaryň siňdirilmegini üpjün edýär, A, D, E, K witaminleriniň çeşmesi bolup hyzmat edýär we maddalaryň sintezine gatnaşýar.

Omega-3 doýan ýag kislotalary beden metabolizmini kadalaşdyrmaga we gandaky holesteriniň derejesini sazlamaga kömek edýär. Balyk ýaglarynda, awokadoda, hozlarda sagdyn ýaglar örän köp saklanýar.

3. Beloklar

Beloklaryň sport iýmitlenişindäki ornuna kem baha berip bolmaz. Beloklar ähli metabolik we oksidleýji proseslere gatnaşýarlar, myşsalar üçin gurluşyk materialy bolup hyzmat edýärler, immunitet ulgamyny berkidýärler. Mundan başga-da, beloga baý iýmitler açlygy çalt kanagatlandyrmaga we uzak wagtlap dokluk duýgusyny saklamaga kömek edýär. Belok we aminokislotalaryň esasy çeşmelerine guş eti, balyk, deňiz önümleri, gyzyl et, ýumurtga, kösükli ekinleriň önümleri degişlidir. Aýallara 1 kg beden agramyna 0,75 gr belok gerek, erkek bedenine has köp belok gerek: 1 kg agram üçin azyndan 1 g, ýüküň köpelmegi bilen ol görkeziji 2–2,5 gr bolup biler. Orta fiziki işjeňligi bolanlara işjeň tälim berýän adamlar ýaly belok gerek däl. Okuwyň görnüşi beloklaryň sarp edilmegine-de täsir edýär. Mundan başga-da, täsirli türgenleşik üçin içmek düzgüni hem möhümdir, çünki beden zerur mukdarda suwuklyk almaly. Ol aşgazan-içege ulgamynyň işi üçin hem möhümdir. Deňagramly iýmit menýusy sport bilen meşgullanýanlar üçin sagdyn ýaşaýşy üpjün etmäge goldaw berýär.

Soltanjemal HUDAÝBERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok