Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — ylham çeşmämiz

Türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň ker­wen­ba­şy­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özün­den soň­ky şa­hyr­la­ra dil aras­sa­ly­gy­ny, sö­züň öt­gür­li­gi­ni, adam­la­ry ru­hy we ah­lak taý­dan bi­te­wi­leş­dir­ýän ter­bi­ýe mek­de­bi­ni gal­dyr­dy. Mag­tym­gu­ly öz­baş­dak döw­let gur­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny döwürdeşlerinden has ir gö­rüp bil­di. Ol bu pa­ra­sat­ly pi­kir­le­ri­ni asyr­la­ra, eý­ýam­la­ra uza­ýan şy­gyr­la­ryn­da hem­me­le­re düş­nük­li be­ýan et­me­gi ba­şar­dy.

Akyl­dar şa­hyr dö­re­di­ji­li­gin­de ýag­şy­lyk ha­kyn­da pi­kir ýö­red­ýär. Çuň­ňur pi­ki­re, akyl gä­mi­si­ne dü­şen şa­hyr yn­san kal­by­nyň te­bi­ga­ty­na, onuň älem-ja­han­dan hem giň­di­gi­ne dü­şün­mek is­le­ýär. Ol goş­gu­la­ryn­da ýag­şy­lyk we wa­tan­sö­ýü­ji­lik ha­kyn­da en­çe­me pi­kir­le­ri us­sat­lyk bi­len be­ýan ed­ýär, çe­per sö­züň üs­ti bi­len şöh­le­len­dir­ýär.

Akyldar şahyrymyz bütin adamzada söýgi bilen sereden hem bolsa, onuň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Çünki, öz halkyny söýen şahsyýet beýleki halklary hem söýmäge ukyplydyr. Şahyryň öz döwründe dünýä, ynsan, ýaşaýyş baradaky halka ýaýan pelsepewi garaýyşlary, jemgyýetiň, adamlaryň ruhy kämilligi baradaky eden wesýetleri öz halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň netijesidir.

Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, olaryň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti biten halk köpçüligine ýetirilýär. Akyldar şahyryň baryp, XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün nesiller üçin hem uly durmuş mekdebidir. Beýik Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen bu gün bütin dünýä tanaýar. Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan belleniljekdigi halkymyzy örän buýsandyrýar. Türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent sarpasy barha artýar.

Şirinjemal JUMAHANOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok